Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinden kanagatlanmaýar


Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynyň öňündäki heýkel. Aşgabat, maý, 2011.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynyň öňündäki heýkel. Aşgabat, maý, 2011.

Şu hepdäniň başynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy Türkmenistanyň Jenaýat-prosessual kodeksi boýunça kommentarileri çap etdi. Onda bu kodeksiň her bir maddasyna aýratynlykda syn berildi. Bu kommentarileri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň tabşyrygy esasynda jenaýat prosesi boýunça garaşsyz halkara ekspertleri taýýarlady.

650 çemesi sahypadan ybarat kommentarilerde Türkmenistanyň Jenaýat-prosessual kodeksiniň suddan öňki, sud döwründäki we suddan soňky çärelere degişli jenaýat-prosessual maddalary seljerilip, olar beýleki döwletleriň, şol sanda postsowet ýurtlarynyň-da bu ugurdaky kanunçylygy bilen deňeşdirilipdir.

Nämelere üns berildi?

Kommentarilerde Türkmenistanda, beýleki postsowet döwletlerinden tapawutlylykda, hukuk goraýjy edaralaryň adamyň azatlygyny çäklendirmegine suduň gözegçiliginiň girizilmändigi bellenilýär. Ýagny, Türkmenistanyň Jenaýat-prosessual kodeksiniň 140-njy maddasyna görä, polisiýa bir adamy jenaýat edip duran mahaly ele salsa, suduň kararyny almazdan hem, polisiýa ony tussag edip bilýär.

Ekspertleriň nygtamagyna görä, halkara kadalaryna laýyklykda, ele salnan adamyň tutulmagynyň kanunylygyny we onuň mundan beýläk tussag edilmegini diňe sud kesgitleýär.

Kommetnarilerde aýratynam Jenaýat-prosessual kodeksinde jenaýat işiniň sud tapgyry dowam edýärkä, jenaýatda güman edilýäniň şahsy durmuşyna aralaşylmagyna böwet bolmak meselesinde-de suduň ygtyýarlyklarynyň çäklidigi aýan edilýär.

Ekspertleriň bellemegine görä, Türkmenistanyň Jenaýat-prosessual kodeksinde derňew işleriniň dowamynda raýatlaryň şahsy emlägini, öýüni ýa şahsy hatlaryny barlamak zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda hukuk goraýjy edaralaryň suddan ýörite rugsatnama almagy-da göz öňünde tutulmandyr. Türkmenistanda kesgitlenen prosedura görä, muny amala aşyrmak üçin diňe prokuroryň beren “rugsatnamasy” ýeterlik bolýar.

Teklipler hödürlendi

Kommentarileriň awtorlarynyň aýratyn bellemegine görä, demokratik döwletleriň konstitusiýalary bir adamyň öýüni dökmek, ol ýerdäki serişdeleri konfiskasiýa etmek ýa-da elektron, hat, telefon gepleşiklerini barlamak üçin suddan ýörite rugsadyň bolmagyny talap edýärler.

Mundan daşary, Türkmenistanyň Jenaýat-prosessual kodeksi boýunça taýýarlanan bu kommentarilerde deslapky derňew, sud prosesiniň gidişi ýaly ýagdaýlara-da syn edilýär.

Kommentarileriň tanyşdyrylyş dabarasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynyň resmisi Begona Pineiro Kostas çykyş edip, “bu kommentarileriň Türkmenistanyň kanunçylygyny degişlilikdäki halkara standartlarynyň derejesine ýetirmäge hemaýat etjekdigine ynanýandygyny” aýtdy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy Türkmenistanyň Jenaýat-prosessual kodeksiniň her bir maddasyna berlen kommentarileri duşenbe güni türkmen tarapyna hödürledi. Komentarileri hödürlemek çäresine Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň, Baş prokuraturasynyň, Adalat ministrliginiň we Içeri Işler ministrliginiň wekilleri-de gatnaşdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG