Sepleriň elýeterliligi

Rus Federasiýasynda we Germaniýada Türkmenistanyň ilçileri täzelendi


TDH gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rus Federasiýasynda we Germaniýada Türkmenistanyň täze ilçilerini bellemek barada 25-nji aprelde permana gol çekipdir.

Bu permana laýyklykda, Rus Federasiýasynda Türkmenistanyň ilçisi wezipesine Berdimyrat Rejepow, Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi wezipesine bolsa Halnazar Agahanow bellenipdir.

Mundan ozal Halnazar Agahanow köp ýyllap Rus Federasiýasy we Bolgariýa Respublikasy boýunça Türkmenistanyň ilçisi wezipesinde işläp gelipdi, Berdimyrat Rejepow bolsa Germaniýa we Latwiýa Respublikasy boýunça Türkmenistanyň ilçisi wezipesinde işläp geldi.
XS
SM
MD
LG