Sepleriň elýeterliligi

Brýussel –Strasburg: Ýewropa parlamentiniň “göçme sirki”


Ýewropa parlamentiniň aýda bir gezek Strasburgda geçirýän plenar mejlisiniň öňýany Brýusselden Strasburga ugraýan ýörite otly deputatlary alyp gidýär. Brýussel, 23-nji aprel, 2012.

Ýewropa parlamentiniň aýda bir gezek Strasburgda geçirýän plenar mejlisiniň öňýany Brýusselden Strasburga ugraýan ýörite otly deputatlary alyp gidýär. Brýussel, 23-nji aprel, 2012.

Şu hepde Brýusselde, Ýewropa parlamentiniň koridorlarynda gullukçylar üsti gara çemodanly arabajyklary itişip, bineme derlemeli boldular. 6 müňe golaý plastik sumkany bir gatdan beýleki gata düşürip, olary 8 sany uly ýük maşynyna ýüklemek üçin bu gullukçylara, azyndan, 5 sagat wagt gerek boldy. Onsoň, bu maşynlar Fransiýanyň Strasburg şäherine tarap ýola düşdüler.

Bu plastik konteýnleriň içindäki zatlar Ýewropa parlamentiniň 5 müňe golaý işgärine gerekli dokumentler.

Ýük maşynlar Brýusselden fransuz şäherine gelip ýetensoňlar, ýükler düşürilip, olar Ýewropa parlamentiniň Strasburgdaky edaralarynda bir hepde ulanylýar. Ondan soň, ýene 440 kilometrlikde ýerleşýän Belgiýanyň paýtagty Brýussele getirilýär.

Aýma-aý gaýtalanýan bu çäre Ýewropa parlamentiniň täsin iş usullaryndan biri. Parlamentiň merkezi Brýusselde ýerleşýär. Onuň işleriniň köpüsi hem şol ýerde geçýär. Ýöne Ýwropa Bileleşiginiň şertnamasy boýunça aýda gurnalýan plenar mejlisleriň biri Strasburgda geçmeli. Parlamentiň sekretariaty bolsa Lýuksemburgda ýerleşýär.

180 million ýewro jykdaja durýar

Käbir adamlaryň aýdyşy ýaly, Ýewropa parlamentiniň bu “göçme sirki” diňe bir täsinlik däl. Oňa köp wagt, serişde we zähmet hem siňýär.

Muny parlamentiň bir agzasynyň işgäri Rosalie Biesemans şeýle düşündirýär: “Strasburg hepdesi üçin bir gün ýolda geçýär. Her bir adam iň azyndan bir gününi ýitirýär. Gidiş üçin biziň ýarym günümiz, geliş üçin hem ýarym günümiz gidýär. Ýöne parlamentiň käbir agzalary ol ýere bir günde-de ýetip bilenoklar”.

Bu waka bilen bagly köpleriň ünsüni çekýän ýene bir mesele harajat meselesi. Barlaglaryň görkezmegine görä, Ýewropa parlamentiniň Strasburgda aýda bir gezek geçirýän bu mejlisi salgyt töleýjiler üçin ýylda 180 million ýewro jykdaja durýar.

Bu işi tankytlaýan parlamentçileriň sany indi barha artmak bilen. Olar parlamentiň bir ýerde bolmagyny isleýärler. Bulardan biri parlamentiň britaniýaly agzasy Edward MkMillan-Skott.

Ol bu barada şeýle diýýär: “Munuň fransuzlaryň buýsanjy bilen baglanyşyklydygy belli zat. Biz muny doly kabul edýäris. Beýleki tarapdan bolsa, biz Ýewropa parlamentiniň anyk bir ýere göçmek kararyna gelmeginiň diňe wagt meselesidigine fransuzlaryň düşünmegini isleýäris. Fransuzlara Strasburg şäherine we ol ýerdäki jaýa alternatiwa tapmak barada çynlakaý oýlanmaklygy maslahat berýäris”.

Çözgüdi aňsat däl

MkMillan-Skott Ýewropa Bileleşiginiň şertnamasyndaky bir maddadan peýdalanyp, üýtgetme girizmek bolar diýip umyt edýär. Aslynda käbir üýtgetmeleri parlament kabul etmedik hem däl. Öten ýyl parlamentçiler 2012- 2013-nji ýyllarda her aý geçýän plenar mejlisleriň ikisini Strasburga bir hepdede geçirmeli diýip ses berdiler.

Ýöne Fransiýa bilen Lýuksemburg muňa garşy çykyp, Ýewropanyň Adalat suduna ýüz tutdular. Bu suduň kararyna hem öňümizdäki güýz garaşylýar.

Parlamentiň käbir agzalary bu meselä birneme seresaply garaýarlar. Çehiýaly deputat Libor Rousek özüniň parlamentiň bir ýerde bolmagynyň tarapyndadygyny aýdýar. Ýöne, onuň pikiriçe, parlament Strasburgyň deputatlar üçin elýeterli bolmagyny-da göz öňünden düşürmeli däl.

“Bu barada biz karar berip bilemzok. Bu üýtgediljek bolsa, muny ara alyp maslahatlaşyp üýtgetmeli. Bu barada hökümetler, başgaça aýdylanda, Ýewropa Geňeşi ylalaşyga gelmeli. Bu 27 hökümetiň hemmesi ylalaşmaly diýildigi. Meniň pikirimçe, häziki wagtda parlament nirede bolmaly diýip çekişmek bir netijesiz zat” diýip, çehiýaly deputat Libor Rousek ýagdaýy düşündirdi.
XS
SM
MD
LG