Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çernobyl betbagtçylygy ýatlanylýar


“Çernobyl” stansiýasynyň golaýyndaky Slawutiç şäheriniň ýaşaýjylary bu betbagtçylygyň pidalarynyň hormatyna ýatlama çäresini geçirýärler. Slawutiç, 26-njy aprel, 2012.
“Çernobyl” stansiýasynyň golaýyndaky Slawutiç şäheriniň ýaşaýjylary bu betbagtçylygyň pidalarynyň hormatyna ýatlama çäresini geçirýärler. Slawutiç, 26-njy aprel, 2012.
Penşenbe güni Ukrainada Çernobyl betbagtçylygynyň 26 ýyllygy bellenýär. 1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde “Çernobyl” atom elektrik stansiýasyndaky reaktorlaryň birinde tehniki heläkçilik ýüze çykanda, Ukraina, Belarusa we beýleki ýewropa ýurtlaryna howply radiasiýa ýaýrapdy.

Halkara Atom Energiýasy gullugynyň maglumatlaryna görä, Çernobyl betbagtçylygyndan soň arassalaýyş işleri geçirilende, onlarça adam ölüpdir. Emma gulluk bu işleriň netijesinde ilatyň saglygyna ýeten zyýan barada jemleýji netijeleriň çykarylmandygyny aýdýar.

Nägilelikler köp

Çernobyl betbagtçylygynda arassalaýyş işlerine gatnaşan 500 çemesi adam penşenbe güni ukrain parlamentiniň Kiýewdäki jaýynyň daşynda piket geçirdi. Olar özlerine bellenilen sosial pul kömekleriniň we pensiýalaryň doly tölenmegini talap etdiler.

Ukainanyň prezidenti W.Ýanukowiç “Çernobyl” stansiýasynyň weýran bolan reaktorynyň daşyna täze germew gurmaklyga "pata" berýär. 26-njy aprel, 2012.
Ukainanyň prezidenti W.Ýanukowiç “Çernobyl” stansiýasynyň weýran bolan reaktorynyň daşyna täze germew gurmaklyga "pata" berýär. 26-njy aprel, 2012.
Ukrainanyň hökümeti geçen ýylyň sentýabrynda bu weteranlara tölenýän pensiýalaryň möçberini kemeltdi. Bu bolsa Kiýewde we beýleki şäherlerde protestleriň geçirilmegine sebäp boldy.

Çarşenbe güni agşamlyk “Çernobyl” stansiýasynyň golaýynda ýerleşýän Slawutiç şäheriniň ýaşaýjylary-da bu betbagtçylygyň pidalaryny ýatladylar.

“Çernobyl” atom elektrik stansiýasynda bolan betbagtçylykdan soňra, onuň işçileriniň aglabasy Çernobyldan 50 kilometr çemesi uzaklykdaky Slawutiç şäherine göçürilipdi. Bu stansiýanyň töweregine radiasiýanyň ýaýrandygy üçin, betbagtçylykdan soňra ol ýer boşap galdy.

Çarşenbe güni agşam Slawutiç şäheriniň ýaşaýjylary Çernobyl betbagtçylygynyň pidalarynyň hatyrasyna merkezi meýdançada dikilen ýadygärlige gül desselerini we şemleri goýdular.

“Ýalňyşlygy gaýtalamasynlar”

Ýerli ýaşaýjylaryň biri, betbagtçylyk bolanda “Çernobyl” atom elektrik stansiýasynda işlän Wladimir Şerbin bu betbagtçylygyň pidalaryna we şeýle betbagtçylygyň hiç haçan bolmazlygy üçin doga etmäge gelendigini aýtdy.

Ol: “Biziň bu gün ýatlaýan adamlarymyz şol ýalňyşlyk üçin öz şirin janyny pida etdiler. Men bu hiç haçan gaýtalanmaz diýip umyt edýärin. Goý, çernobyl problemasy bilen meşgullanýan häzirki ýolbaşçylarymyz hem öz ýolbaşçylarynyň goýberen ýalňyşlygyny gaýtalamasynlar” diýdi.

“Çernobyl” atom elektrik stansiýasyndaky ahyrky reaktor 2000-nji ýylda öçürildi. Bu atom elektrik stansiýasynyň täzeden işe girizilmegi üçin onlarça ýyllaryň gerek bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG