Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň sudy premýer-ministri günäli tapdy


Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani suduň zalyndan ýylgyryp we tarapdarlaryna elini salgap çykdy. Yslamabat, 26-njy aprel, 2012.

Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani suduň zalyndan ýylgyryp we tarapdarlaryna elini salgap çykdy. Yslamabat, 26-njy aprel, 2012.

Penşenbe güni Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilanini suduň kararyny äsgermezlik etmekde günäli tapdy. Emma, muňa garamazdan, Gilaniniň garşysyna tussaglyk barada höküm çykarylmady.

Pakistanyň Ýokary sudy prezident Asif Ali Zardarä garşy korrupsiýa bilen bagly jenaýat işiniň gozgalmagyna päsgelçilik döredendigi üçin fewral aýynda Ýusuf Reza Gilanä aýyplama bildiripdi.

Prezident Zardari özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär. Gilaniniň bellemegine görä, ýurduň prezidentiniň eldegrilmesizlik hukugy ony jenaýat yzarlanmalaryndan gorap bilýär.

Höküm ýumşak, emma…

Üç aýa çeken sud işi penşenbe güni tamamlandy. Sud premýer-ministr Ýusuf Reza Gilaniniň garşysyna diňe bir simwoliki häsiýetli höküm çykaryp, onuň diňlenişik tamamlanýança suduň zalynda saklanmagy barada karar kabul etdi. Suddan Gilani ýylgyryp we tarapdarlaryna elini salgap çykdy.

Premýer-ministriň suduň çykaran kararynyň üstünden şikaýat etmäge haky bar. Sud işiniň dowamynda premýer-ministr Gilaniniň alty aý türme tussaglygyna höküm edilmek we wezipesinden çetleşdirilmek howpy-da bolupdy. Suduň çykaran ýumşak kararyna garamazdan, Gilaniniň wezipesinden gitmegi üçin basyş edilmegine garaşylýar.

Pakistanyň esasy oppozision lideri Nawaz Şarif çykyş edip, Gilaniniň dessine wezipesinden çekilmelidigini we täze saýlawlaryň geçirilmelidigini aýtdy.

Suddan öňinçä Gilaniniň aklawçysy Aitzaz Ahsan žurnalistleriň öňünde çykyş edip, sud günäli diýen hökümi çykaraýanda-da, premýer-ministriň wezipesinden gitmelidigini aňlatmaýandygyny aýtdy. Ol: “Nähili höküm çykarylsa çykarylsyn, premýer-ministr öz wezipesinde galar. Konstitusiýa görä, Milli Assambleýanyň islendik wekilini wezipesinden aýyrmak meselesi gozgalanda, bu ilki bilen Assambleýanyň başlygyna ýollanmaly” diýdi.

Wakanyň ýakyn taryhy

Prezident Asif Ali Zardariniň garşysyna 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda para görnüşinde alnan pullary Şweýsariýadaky bank hasaplary arkaly ýuwmakda aýyplama bildirilipdi. Zardari bu aýyplamany syýasy matlap bilen gurnalan iş diýip, muny ret edip gelýär.

2009-njy ýylda Ýokary sud ozalky prezident Perwez Muşarrafyň döwründe kabul edilen “Amnistiýa” kanunyny ýatyrdy. Şol ozalky kanuna görä, Zardari we başga-da ýüzlerçe syýasatçylar korrupsiýa boýunça yzarlamalardan aman galyp gelipdiler.

Şondan soň Ýokary sud prezident Zardariniň işini täzeden gozgamak boýunça karar çykardy. Sud premýer-ministr Gilaniniň prezident Zardariniň işi boýunça Şweýsariýanyň resmilerine jenaýat işini gozgamak haýyşy bilen ýüz tutmalydygy barada suduň çykaran görkezmesine eýermändigini aýdýar.

Premýer-ministr Ýusuf Reza Gilani Şweýsariýanyň sudy tarapyndan ýapylan işi täzeden açmak boýunça haýyş etmäge hiç hili esasyň ýokdugyny öňe sürüpdi. Şeýle-de, ol Zardariniň prezident bolup oturan döwründe, prezidentiň eldegrilmesizlik hukugyna laýyklykda, onuň jenaýat ugrundan yzarlanmalardan halasdygyny tekrarlapdy.

Bu sud işi hökümet bilen sud organlarynyň arasyndaky dartgynlylygyň fonunda bolup geçýär. Hökümetiň agzalary sudýalary öz wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykyp, premýer-ministri we prezidenti işinden çetleşdirmek synanyşyklarynda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG