Sepleriň elýeterliligi

“Baýern” komandasy “Çempionlar Ligasynyň” finalyna çykdy


Münheniň “Baýern” futbol komandasy Ýewropanyň futbol boýunça iň güýçli komandalarynyň arasynda geçirilýän şu ýylky “Çempionlar Ligasynyň” bäsleşiginiň 19-njy maýda Münhende geçiriljek final oýnunda Britaniýanyň “Çelsi” komandasy bilen oýnar.

Çarşenbe güni Germaniýanyň bu futbol klubynyň Ispaniýanyň “Real Madrid” komandasy bilen geçiren oýny 3-3 hasap bilen gutardy.

Soňra on bir metrlik urgulary arkaly urlan toplaryň netijesinde “Baýern” 3-1 hasap bilen “Real Madridden” üstün çykdy.
XS
SM
MD
LG