Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Hamadaky agyr partlamalarda pitneçileri aýyplaýar


Siriýanyň hökümet mediasynyň maglumatyna görä, pitneçileriň partladyjy jisimler bilen çemeleşmekde goýberen ýalňyşlyklary sebäpli Siriýanyň merkezi şäheri Hamada agyr partlama ýüz beripdir we onda 16 adam ölüpdir.

Şol bir wagtyň özünde, režime garşy durýan aktiwistler çarşenbe güni ýüz beren partlamanyň sebäpleri barada şübhelenýärler we ölenleriň sanynyň 50-den hem geçendigini aýdýarlar.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän topar BMG-niň synçylaryndan bu ýagdaýy derňemekligi sorady.

Oppozisiýa aktiwistleri penşenbe güni harbylaryň şähere ok atmaklaryny dowam edendiklerini aýdýarlar. BMG-niň Siriýa ibermeli 300 synçysyndan diňe 10- sy häzir ýurda bardy.
XS
SM
MD
LG