Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: prezident Nazarbaýew Günbataryň täsirini ýazgardy


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew günbatar ýurtlary dünýäniň beýleki ýurtlaryna öz gymmatlyklaryny kabul etdirmeklige çemeleşýär diýip, muny tankytlady.

Orsýetiň “Rossiýa-24” telekanalyna beren interwýusynda prezident Nazarbaýew aýratyn bir ýurduň içerki syýasy ösüşlerine täsir etmek üçin häzirkizaman köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmak howpsuzlyk töwekgelçiligini döredýär diýdi.

Ol: “ABŞ tarapyndan propogandirlenýän Günbataryň medeniýetiniň aň-düşünjesi, taryhy we adatlary bilen tapawutlanýan başga ýurtlara ornaşdyrylmagy mümkin däl” diýip nygtady.

Nazarbaýew geçen ýylyň başynda gozgalaň turan arap ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň 15 ýyl yza gaýdandygyny aýtdy. Şeýle hem, ol käbir arap döwletlerinde gozgalaňlardan soň “häkimiýet başyna gelen güýçleriň aglabasynyň Şerigatyň kanunyna eýerýändikleri” barada-da alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG