Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda talybanlar dört polisiýa işgärini öldürdiler


Owgan resmileriniň aýtmaklaryna görä, çarşenbe güni agşam Owganystanyň Badahşan welaýatynda polisiýa bölümine eden hüjümlerinde talyban söweşijileri 4 polisiýa işgärini öldüripdirler.

Welaýat polisiýa bölüminiň başlygy Abdul Sabur Nasratiniň maglumat bermegine görä, Pakistan bilen serhetdäki Warduj etrabyna edilen bu hüjümde 2 polisiýa işgäri ýaralanypdyr. Ol ýerde 16 polisiýa işgäriniň zamun alnandygy güman edilýär.

Talybanlaryň sözçüsi Zabiullah Mujahidiň internetde ýerleşdiren beýanatynda hüjümiň jogapkärçiligini talybanlaryň öz üstüne alandygy bellenilýär.
Badahşan welaýaty Pakistan, Täjigistan we Hytaý bilen serhetleşýär.
XS
SM
MD
LG