Sepleriň elýeterliligi

Ukraina Çernobyl heläkçiliginiň 26 ýyl dönümini belleýär


Ukraina Çernobylda atom heläkçiliginiň 26 ýyl dönümini belleýär. 1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde “Çernobyl” atom elektrik stansiýasynyň reaktorlarynyň biri betbagtçylyga uçrady.

Bu betbagtçylykda radiasiýa Ukraina, Belarusa we Ýewropa ýurtlaryna ýaýrady we bu hadysa dünýäde iň bir howply ýadro heläkçilikleriniň biri hökmunde taryha girdi.

Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň maglumatyna görä, bu heläkçilikden soň arassalaýyş işleri wagtynda onlarça adam heläk bolupdyr, ýöne onuň saglyga ýetiren soňky tasirleri anyklanylmandyr.
XS
SM
MD
LG