Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýada Breýwigiň sudy bilen bagly müňlerçe adam ýöriş geçirdi


Penşenbe güni Onmüňlerçe adam Norwegiýanyň Oslo şäherinde parahatçylyk we birlik barada aşa sagçy ekstremist Anders Breýwigiň ýygrenýän aýdymyny aýdyp, onuň eden jenaýatçylygyna protest bildirdiler.

Norwegiýanyň şäherlerinde “Älemgoşaryň çagalary” atly bu aýdymy aýdyp, ýörişe goşulan müňlerçe adam Breýwigiň immigrantlara garşy garaýyşlaryny ýazgardylar.

Geçen ýylda 77 adamy öldürenligi üçin sud edilýän Breýwik bu aýdyma marksistik beýni ýuwujy aýdym diýip baha beripdi. “Älemgoşaryň çagalary” diýen aýdym Pete Sigeriň “Älemgoşar ýaryşy” diýen amerikan halk aýdymynyň Norwegiýada ýerine ýetirilýän görnüşi bolup durýar.

Breýwik 2011-nji ýylyň 22-nji iýulynda Oslo şäheriniň hökümet binasynyň daşyndaky bomba partlamasyny we paýtagtyň golaýyndaky adada ýaşlaryň lagerindäki atyşyklary amala aşyrandygyny boýun alypdy.
XS
SM
MD
LG