Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: ýokarlanýan bahalar we maşgala býujeti


A.Baýryýew: "Aýlygyň 10% artmagy uly bir zat däl. Sebäbi, bizde inflýasiýanyň derejesi näçe - bu baradea hiç hili maglumat aýdylmaýar".

A.Baýryýew: "Aýlygyň 10% artmagy uly bir zat däl. Sebäbi, bizde inflýasiýanyň derejesi näçe - bu baradea hiç hili maglumat aýdylmaýar".

25-nji aprelde Dünýa banky azyk öňümleriniň gymmatlamagy bilen bagly hasabat ýaýratdy. Bu hasabtada berlen maglumatlarda soňky 4 aýyň dowamynda halkara derejesinde azyk önümleriniň bahalarynyň ortaça 8% ýokarlanandygy aýdylýar.

Bahalaryň ýokarlanmagyna benziniň bahasynyň gymmat bolmagy, Aziýa ýurtlarynyň azyk öňümlerine bolan islegiň ýokarlanmagy hem Ýewropanyň käbir regionlarynda, Günorta Amerikada we ABŞ-da howa şertleriniň ýaramazlaşgynyň sebäp bolandygy aýdylýar.

Dünýa bankynyň hasabatynda bellenilişine görä, şu ýylyň janwar aýyndan bäri dünýä bazarynda däne önümeriniň, iýmitde ulanylýan ýaglaryň we beýleki azyk öňümleriniň bahasy yzygiderli ýokarlanyp geläýr. Eýsem, Türkmenistanda ýagdaý nähili? Azatlyk Radiosy şu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly žurnalist, ýazyjy Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Dünýa bankynyň 25-nji aprelde ýaýradan hasabatynda däne önümleriniň bahalarynyň, iýmitde ulanylýan ýaglaryň bahasynyň ýokarlanandygy aýdylýar. Bu ýagdaý Türkmenistanda hähili?

A.Baýryýew: Türkmenistandaky ýagdaýam ortaça hasap bilen şoňa kybapdaş gelýändir diýip pikir edýän. Sebäbi, käbir azyk önümleriniň bahalarynyň mundan üç-dört aý owalky tapawudyna seretsek, şonda aýdylýan 8%-e golaý tapawudy alyp bileris.

Azatlyk Radiosy: Et önümleriniň bahasy nähili?

A.Baýryýew: Et önümlerinden, esasan, sygyr eti geçginli. Sygyr etiniň bir kilosynyň bahasy ozal 13 manat töweregi bolan bolsa, häzir onuň bir kilosyny 15 manatdan aşak alyp bolanok.

Ýag meselesinde, mysal üçin “Prezident” atly gowy hilli ýaglaryň bir kilosynyň bahasy 22 manat. Ozal olar 18-20 manat töweregidi. Bu ýaglar esasan Orsýet Federasiýasyndan getirilýär. Şonuň üçinem, şol ýerlerdäki bahalaryň galmagy Türkmenistanyň bazarlaryna-da öz täsirini ýetirýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň öz içinde öndürilýän azyk önümleriniň görnüşleri az däl. Eýsem, ýurduň öz içinde öndürilýän şol önümleriň bahalary nähili?

A.Baýryýew: Türkmenistanyň harytlary köplenç öz derejesinde galýar. Gymmatlaýan ýagdaýynda-da, ol birnäçe teňňeden ybarat bolýar.

Türkmenistanda “Guş toplumy” ýaly towuk etini öndürýän kärhana gurnalansoň, häzir towuk eti bolçulyk. Elin towuk etlerem bar. Olaryň bir kilosynyň bahasy orta hasapdan 10 manat. Kolbasa önümleri-de Türkmenistanyň özünde öndürilip başlandy, olaryň ortaça bahasy 8 manat.

Azatlyk Radiosy: Dünýa banky bahalaryň ýokarlanmagyna dünýä bazarynda nebitiň bahasynyň gymmatlamagy sebäp bolýar diýýär. Türkmen häkimiýetleri bahalaryň gymmatlamagyny düşündirýärmi ýa-da bu barada başga hili maglumatlar barmy?

A.Baýryýew: Ýok. Türkmen metbugatynda resmiler bahalaryň ýokarlanmagy, umuman, bahalaryň ýagdaýy barada hiç hili maglumat bermeýärler. Beýle statistika ýöredilmeýän ýaly.

Azatlyk Radiosy: Bahalaryň ýokarlanmagy, adatça, halka nähili täsir edýär?

A.Baýryýew: Bahalaryň ýokarlanmagy halkyň maşgala býujetine uly urgy. Soňky döwürlerde Türkmenistanda pomidor, hyýar ýylyň dowamynda bolýar. Emma şolaryň her kilosynyň bahasy 6 manada baryp ýetýär. Düýp soganlar 1.5-2 manat, kartoşka-da şol bahadan. Käşir 3 manat. Almanyň, mandariniň kilosy 3-4 manatdan.

Azatlyk Radiosy: Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda aýlyk haklary 10% ýokarlandy diýlip habar berildi. Aýlyklaryň ýokarlanmagy inflýasiýanyň derejesinden ýokarymy?

A.Baýryýew: Biziň elimizde deňeşdirip görer ýaly ýörite maglumatlar ýok. Emma öz çaklamamyz bilen aýtsak, aýlygyň 10% galmagy maşgalalaryň çykdajylaryny ýapyp bilýändir diýmäge esasymyz ýok. Aýlygyň 10% artmagy uly bir zat däl. Sebäbi, bizde inflýasiýanyň derejesi näçe - bu baradea hiç hili maglumat aýdylmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG