Sepleriň elýeterliligi

Minskde türkmen-belarus gepleşikleri geçirildi


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr Lukaşenko Minskde resmi garşy alyş dabarasy wagtynda. Minsk, 27-nji aprel, 2012.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr Lukaşenko Minskde resmi garşy alyş dabarasy wagtynda. Minsk, 27-nji aprel, 2012.

27-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Belarus Respublikasyna iki günlük resmi sapara bardy.

Bu saparyň öňýany Belarus tarapy Türkmenistanyň prezidentiniň Minskä edýän bu saparyna uly ähmiýet berýänligini we Türkmenistana möhüm hem perspektiw partnýor hökmünde garaýanlygyny mälim etdi.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko belarus-türkmen gatnaşyklarynda Minski gyzyklandyrýan ugurlar barada durup geçip: “Türkmenistanda ägirt uly pul bar. Emma olarda Belarusdaky, Ukrainadaky we Orsýetdäki ýaly tehnologiýalar ýok bolup çykdy” diýdi.

Iki tarapyň bähbitleri

Belarus telewideniýesinde görkezilen bu çykyşynda Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Belarus tarapynyň ukybyna we başarnyklaryna uly gyzyklanma bildirýänligini belledi.

Prezident Lukaşenkonyň Minskdäki belarus-türkmen gepleşikleriniň öňüsyrasynda žurnalistlere aýtmagyna görä, Belarusyň Türkmenistanda gurýan kaliý zawodynyň gurluşygynyň gidişi Türkmenistan tarapynyň göwnünden turýar. Lukaşenko Belarusyň Türkmenistana awtoýollaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny, şeýle-de tehnika bilen üpjünçiligi teklip edenligini hem belledi.

Belarusda okaýan türkmen studentleri Minskiň halkara aeroportunda prezident G.Berdimuhamedowy “Arkadaga şöhrat” diýip gygyryşyp, garşy aldylar. Minsk, 27-nji aprel, 2012.

Belarusda okaýan türkmen studentleri Minskiň halkara aeroportunda prezident G.Berdimuhamedowy “Arkadaga şöhrat” diýip gygyryşyp, garşy aldylar. Minsk, 27-nji aprel, 2012.

Türkmen metbugatyna görä, Lebap welaýatynda gurulýan kaliý zawody, ýagny dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kompleks Türkmenistan bilen Belarusyň bilelikde amala aşyrýan iň uly proýektidir.

Kaliý dökün önümlerini öndümek boýunça bu obýektiň gurluşygy 2009-njy ýylda başlanypdy. Belarus tarapy gurluşyk bilen bilelikde ony döwrebap tehnika bilen upjün etmek we türkmen spesialistlerini taýýarlamak işini hem alyp barýar.
Hünärmenleri taýýarlamak işi türkmen-belarus gumanitar gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Belarusyň habar serişdelerine görä, häzirki wagtda Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda 5 müňe golaý türkmenistanly student bilim alýar.

Minskde “Arkadaga şöhrat” ýäňlandy

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň habar bermegine görä, prezident Berdimuhamedowyň saparyna gabatlap Belarusda okaýan türkmen studentleriniň gatnaşmagynda Minskde Türkmenistanyň prezidentini kabul etmek boýunça ýörite çäre geçirilipdir. Studentler Berdimuhamedowyň barjak ýerlerinde ençeme wagtlap “Arkadaga şöhrat” diýip gygyryp durupdyrlar. Bu çäräniň kim tarapyndan gurnalanlygyny häzirlikçe anyklap bolmady.

Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyk ozal Aşgabatda geçirilipdi. Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko 2011-nji ýylyň 28-29-njy aprel günlerinde Aşgabada eden şol saparynda Türkmenistany islendik ýagdaýda we hemişe goldamaga taýýardygyny nygtapdy.

Belarus Türkmenistana oba hojalyk we yol gurluşyk tehnikasyny, ýük maşynlaryny hem azyk ömümlerini eksport edýär. Türkmenistandan bolsa ol pagta we ýüň önümlerini, çig mal satyn alýar. Belarusyň metbugatyna görä, 2011-nji ýylda Belarusyň Türkmenistana eden haryt erksporty 230 million dollara ýetipdir, importy bolsa 8 million dollardan azrak bolupdyr.

Habar serişdeleriniň tassyklamagyna görä, Minskdäki ýokary derejeli duşuşykda Türkmenistanyň we Belarusyň liderleri, hususan-da, döwletara gatnaşyklaryna degişli temalary we öň gelnen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşypdyrlar.

Gepleşikleriň öňýanynda belarus prezidenti žurnalistlere türkmen tarapyna käbir “täze temalary” hem teklip etmekçidigini aýdypdy. Emma Lukaşenko bu temalaryň nämeden ybaratdygyny agzamady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG