Sepleriň elýeterliligi

Dnepropetrowsk şäherindäki partlamalarda 27 adam ýaralandy


Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Dnepropetrowsk şäherinde anna güni azyndan dört partlama ýüz berdi.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň sözçüsiniň aýtmagyna görä, partlamalarda jemi 27 adam, şol sanda mekdep okuwçylary ýaralanypdyr.

Partlamalaryň azyndan biriniň bir zibil taşlanýan gapda goýlan enjam arkaly amala aşyrylandygy aýdylýar.

Dnepropetrowsk şäheriniň polisiýa edarasynyň sözçüsi Olekseý Şerbatow jurnalistlere: “Deslapky maglumatlara görä, 40 minut töweregi mundan ozal zibil gabynda goýlan partladyjy enjam tramwaý ugranda partlapdyr. Duralgada adam bolmandyr. Diňe tramwaýyň içindäkilere zeper ýetipdir” diýip, gürrüň berdi.

Ukrainanyň Baş prokuraturasy bu partlamalaryň terrorçylykly akt bolmagynyň güman edilýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG