Sepleriň elýeterliligi

Müňlerçe protestçi Timoşenkonyň boşadylmagyna çagyryş etdi


Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýulia Timoşenkonyň azat edilmegine çagyryş edip, oppozisiýa aktiwistleri we Timoşenkonyň tarapdarlary anna güni Kiýewde protest ýörüşine çykdylar.

Müňlerçe protestçi şäheriň merkezinde toplanyp, Garaşsyzlyk Meýdançasynda köpçülikleýin protest geçirdi.

Protestçiler Timoşenkonyň gyssagly türmeden boşadylmagyna we prezident Wiktor Ýanukowiçiň wezipesinden çekilmegine çagyryş ediler.Şeýle hem, olar geçen hepdede Ýulia Timoşenko zorluk bilen klinika geçirilende, onuň ýenjilendigi baradaky habary düýpli we açyk derňemeklige çagyryş etdiler.

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç ozalky premýer-ministr Ýulia Timoşenkonyň ýenjildi diýilýän habaryny türmäniň resmileriniň barlamagyna penşenbe güni görkezme berdi. Ol bu işi Baş prokuraturanyň derňemegine hem görkezme berdi.

Ýulia Timoşenko özüniň türmede saklanyşyna protest bildirip, indi alty gün bäri açlyk yglan edip gelýär.
XS
SM
MD
LG