Sepleriň elýeterliligi

Obama Morningstary Azerbaýjandaky ilçi wezipesine hödürledi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Döwlet sekretarynyň Ýewraziýa energetika meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstary Azerbaýjanda ilçi wezipesine hödürledi.

Riçard Morningstar 1999-2001-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi wezipesinde işläpdi.

Morningstar ýanwar aýynda wezipesinden giden we Obamanyň ýörite bellemegi bilen bir ýylyň dowamynda Azerbaýjanda ilçi bolan Metýu Braýzanyň ornuny eýelär.

Mundan ozal ermeni-amerikan lobbist toparlarynyň we birnäçe senatoryň garşylyk görkezmegi sebäpli, Braýzanyň kandidaturasy ABŞ-nyň Senaty tarapyndan goldanylmandy. Olar Braýzany Azerbaýjanyň tarapdary bolmakda we azeri resmileri bilen şübheli gatnaşyk saklamakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG