Sepleriň elýeterliligi

Sil suwy Gyrgyzystanyň günortasynda weýrançylyk döretdi


Gyrgyzystanyň günortasyndan gowşan maglumatlara görä, penşenbe güni Oş regionynda ýüz beren sil azyndan 200 sany ýaşaýyş jaýny ýumurypdyr.

Ýerli häkimiýetler siliň gelmegine güýçli ýagyşyň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Güýçli sil we ýer süýşmesi birnäçe ilatly punkta zeper ýetiripdir.

Käbir ýaşaýjylar özleriniň ýaşaýan jaýlaryna uly zeper ýetendigini, mallarynyň we öý haýwanlarynyň ýitendigini, onlarça gektar ekin meýdanynyň läbik bilen örtülendigini aýdýarlar.

Daýhanlar mekgejöwen we bugdaý eken meýdanlaryny arassalamak we olary täzeden ekmek üçin pul kömegine mätäç boljakdyklaryny aýdýarlar.
Ýerlerde arassalaýyş işleriniň başlanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG