Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň ýörite gullugynyň ofiseri ABŞ-nyň esgerini öldürdi


NATO-nyň penşenbe güni habar bermegine görä, Owganystanyň milli goşunynyň geýimindäki bir owganly Owganystanyň günortasynda halkara güýçlerine degişli bir esgeri atyp öldüripdir.

Bileleşigiň maglumatyna laýyklykda, koalision güýçleriň gaýtawul bermeginiň netijesinde, hüjümçi öldürilipdir.

Owganystanyň goşun ýolbaşçysy bu hüjümiň çarşenbe güni Kandagar welaýatynyň Şah Wali Kot etrabynda Owganystanyň ýörite gullugynyň bir ofiseri tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

Waşingtonda Pentagonyň sözçüsi NATO-nyň Owganystanda oldürilen esgeriniň ABŞ-nyň harby güýçlerine degişlidigini tassyklady.
XS
SM
MD
LG