Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: bin Ladeniň maşgalasy Saud Arabystanyna ugradyldy


Osama bin Ladeniň maşgalasy Pakistandan deportasiýa edildi. Resmileriň maglumatlaryna görä, bin Ladeniň üç dul aýaly we çagalary anna güni ir ertir Saud Arabystanyna gidýän uçara ýerleşdirilipdir.

2011-nji ýylyň 2-nji maýynda ABŞ-nyň geçiren reýdinde Al-Kaýdanyň lideri öldürileninden soň, Pakistan onuň maşgala agzalaryny tussag edipdi.

Synçylar Osama bin Ladeniň maşgalasy Pakistanyň daşyna çykanyndan soň, bin Laden birnäçe ýylyň dowamynda Pakistanda nähili gizlenip bilendigi baradaky jikme-jik maglumatlaryň daşarky jemgyýete elýeterli bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Bin Ladeniň maşgala agzalary Pakistanyň aňtaw gullugynyň işgärleri tarapyndan sorag edildi we olaryň ýurda bikanun girendikleri we ýaşandyklary boýynça geçen aýda olara aýyplama bildirildi.
XS
SM
MD
LG