Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: ýol-transport hereketiniň medeniýeti


Aşgabadyň golaýyndaky maşyn bazary. Aşgabat, iýul, 2010.
Aşgabadyň golaýyndaky maşyn bazary. Aşgabat, iýul, 2010.
20-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Müllükow paýtagtda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Prezident G.Berdimuhamedow bu meselä ünsi çekip, ýol-transport hadysalarynyň ýüze çykmasynyň öňüni almak boýunça ähli zerur işleriň geçirilmegini, ähli raýatlar tarapyndan ýol düzgünleriniň berjaý edilişine kontrollygy güýçlendirmegi, şäheriň köçelerinde dyknyşyklaryň öňüni almagy talap etdi.

Lebap welaýatyndan Babamyrat atly sürüjiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýol düzgünlerini ozaly bilen ýokary wezipeliler, kanun goraýjy organlaryň işgärleri bozýar. Aşgabatdan 48 ýaşly sürüji Kakamyrat bolsa köçeleriň ýapylmagynyň bu problemalaryň esasy sebäpleriniň biridigini aýtdy.

Eýsem, paýtagt Aşgabatda ýol hereketleriniň çylşyrymlaşmagyna nämeler sebäp bolýar? Ýol-transport problemalarynyň döremeginiň ýene nähili sebäpleri bar? Şu günki gün ýol-transport hereketiniň medeniýeti Türkmenistanda nähili?

Şu temadan gurnalan Tegelek Stol gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG