Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde galan türkmenler näme isleýär?


Öwez Ýollyýew: "Şu ýerde jemi altmyşdan gowrak adam bar. On bäş ýyldan bäri Türkmenistana gitmän ýören türkmenistanlylaram bar şu ýerde".
Öwez Ýollyýew: "Şu ýerde jemi altmyşdan gowrak adam bar. On bäş ýyldan bäri Türkmenistana gitmän ýören türkmenistanlylaram bar şu ýerde".
Golaýda Türkmenistanda “Migrasiýa hakyndaky kanunyň” täze redaksiýasy çap edildi. Köp ýerli raýatlar türkmen kanunlarynyň dünýä ölçeglerine golaýlaşdyrylmagynyň raýatlaryň daşary ýurtlara çykmak we yzlaryna dolanmak meselesindäki kynçylyklaryny aradan aýyrmagyna-da umyt baglaýarlar.

Eýsem, “Migrasiýa hakyndaky kanunyň” täze redaksiýasynyň çap edilmegi we onuň daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň gelim-gidim kynçylyklaryna ýetirjek täsiri barada daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri näme pikir edýärler? Azatlyk Radiosy şu barada Müsürde ýaşaýan türkmen aktiwisti Öwez Ýollyýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Golaýda Türkmenistanda “Migrasiýa hakyndaky kanunyň” täze redaksiýasy çap edildi. Şol kanunda aýdylmagyna görä, türkmen raýatlarynyň islendik ýurda gitmäge hem öz ýurduna gaýdyp gelmäge haky bar. Şu ýagdaý Müsürde ýaşaýan türkmenlriň durmuşynda nähili?

Öwez Ýollyýew: Elbetde, bu aýdylýan zatlar dil ýüzünden aýdylýar, iş ýüzünde ýok. Çünki ýaňy-ýakynda-da şu ýerden giden oglanlar bar, olar Bäherdenden, Tejenden. Olar baransoň, üç günläp diýen ýaly öýlerine goýberilmän sorag edilipdir. Öýlerine baransoňlaram, dört günläp yzly-yzyna şunuň ýaly sorag edilip, soňam: “çykjak bolup kösenip oturmaň” diýlip, açyk aýdylypdyr.

Ondan öňem, ýaňky kanun kabul edilenden soňam Türkmenistandan bärik çykarylmaýan käbir adamlar çykjak bolup synanyşypdyrlar. Hatda bir aýal maşgalanyň ýoldaşy Müsürde okap ýörensoň, şonam Türkmenistandan çykarman, 2005-nji ýyldan bäri saklap otyrlar. Ol bäherdenli gelin, oňa Bahargül Ataýewa diýýärler.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, şol çäklendirmeler nämä alyp barýar? Bu dogrudanam ýurduň howpsuzlygy üçun edlýärmi? Bu näme üçin edilýär? Bu barada siz nähili pikir edýärsiňiz?

Öwez Ýollyýew: Bu zatlar aslynda zulum etmek. Belki, bu zatlardan prezidentiň habaram ýokdur. Habardar bolsa-da, maglumaty kän däldir. Hökümetiň howpsuzlyk gullugynyň adamlary öz etmeli ugruny bilenoklar ýa-da goýulýan adamlar öz ýerinde däl. Işini bilýän adamlaryň goýulmaýandygy üçin, şeýleräk bolýandyr diýip hasap edýän.

Azatlyk Radiosy: Müsürde Türkmenistandan din ugrundan bilim alyp, okap ýören ýa okandan soň, yzyna gaýtman ýören näçeräk adam bar?

Öwez Ýollyýew: Şu ýerde jemi altmyşdan gowrak adam bar. On bäş ýyldan bäri gitmän ýören adamlaram bar şu ýerde.

Azatlyk Radiosy: Häkimiýet wekilleri ýurda gaýdyp baran adamlar bilen gürleşende, olara näme sorag berýärler? Olar esasy nämeden howatyr edýärler? Siz şu barada bir zat bilýäňizmi?

Öwez Ýollyýew: Esasy, birinji soraglary “Nädip eklendiň?”, “Nireden pul aldyň?”, “Haýsy jemagat bilen gatnaşdyň?” diýen ýaly soraglar. Ondan soň, üstesine-de, bu ýerde okap ýörenleriň maglumatyny almak, adresini almak –
ine, şular ýaly zatlar. Berlen maglumatlary barlamak, tassyklamak ýaly zatlar.

Sakgally baraýsaň hem problema. Aýdaly, otuz ýaşdan geçip, kyrka golaýlan oglanlaryň käbiri sakgally bolsa, Türkmenistanyň organ işgärleri olaryň sakgalyny syrdyrmak ýa şoňa meňzeş zatlar bilen meşgullanýarlar.

Azatlyk Radiosy: Şu ýagdaý sebäplem käbir adamlar Türkmenistana gidip bilmän ýörlermi? Şeýle ýagdaýlaram barmy?

Öwez Ýollyýew: Elbetde, şeýle adamlar bar.

Azatlyk Radiosy: Käbir ýagdaýlarda daşary ýurtlarda okaýan türkmen ýigitleriniň öýlenmek meselesinde-de ullakan kynçylyklaryň bardygy hakda habarlar gowuşýar. Siz şu barada näme aýdyp biljek?

Öwez Ýollyýew: Hawa, öýlenmek üçin yzlaryna gitse-de, bolanok. Sebäbi, Türkmenistanyň girip-çykmak meselesi gaty kyn. Ol gaty ýapyk. Şonuň üçin Türkmenistandan öz gelinliklerini getirdýärler ýa Türkiýä getirdýärler. Şeýdip durmuş gurýarlar.

Ýaman gynandyrýan ýeri, olaryň enesi-atasy il-gün dolup, toý edip bilenok. Öz halkynyň içinde begenip, şatlanyp, begernjini ile ýaýyp bilenok. Şeýdip öýlenip bilenoklar. Öýlenmek meselesinde biziň arap ýurtlarynda okaýan doganlarymyzyň ýagdaýy şeýle.

Azatlyk Radiosy: Ýaşlar öýlenenlerinden soňra çaga dünýä inýär. Şol çagalaryň raýatlyk meselesi nähili çözülýär? Ol çagalar Müsürde raýat bolýarlarmy ýa-da Türkmenistanyň raýatlygyny alyp bilýärlermi?

Öwez Ýollyýew: Müsürde doglan çagalara Müsürde raýatlyk berlenok. Berilýär diýýäler, emma henizem Mübäregiň döwründäki kanunlaryň hemmesi işläp dur. Şu çaka çenli şu taýda doglup, şu taýdan raýatlyk alan çaga ýok. Türkmenlerden hiç ýok, beýleki milletlerdenem.

Azatlyk Radiosy: Onsoň olar nähili dokument göterýärler ýa hiç hili dokumentsiz ýaşaýarlarmy?

Öwez Ýollyýew: Dogulyş hakyndaky şahadatnamasy bar, birem orsuň nemesi (ilçihanasy) biziňkiler gitjek ýa gaýtjak bolsalar, surat ýelmäp berýär. Olar çaganyň doglan wagtyny, beýleki maglumatlaryny kadalaşdyryp berýärler.

Şeýdip, çaganyň ejesiniň pasportyna ýazyp berýärler. Ol gaýdaýan ýagdaýynda şeýle bolýar. Bolmasa-da, şol dogulyş hakyndaky şahadatnama bilen “şu taýda doguldy” diýen ýazgy bilen ýaşaýar.

Azatlyk Radiosy: Arap ýurtlarynda, Müsürde dini bilim alan oglanlar Türkmenistana barsalar ýa ol ýere baryp-gelseler, ýurtda bir erbet ýagdaý bolup bilermi? Ondan Türkmkenistana nähilidir bir zyýan ýetip bilermi? Şu barada näme pikir edýärsiňiz?

Öwez Ýollyýew: Ýok. Sebäbi bärde Ashar uniwersiteti bar. Ashar uniwersitetiniňem berýän dersleriniň hemmesi hökümetiň düzüp beren dersleri.

Ashar hökümetiň öz dini uniwersiteti hasaplanýar. Ashar uniwersiteti hökümete wepaly bolmalydygyny, prezidente sylagly-hormatly bolmaklygy öwredýär. Emma türkmen häkimiýetleriniň düşünjesinde din hökümeti ýykjak diýen ýaly zatlar bar.

Ýene bir zat bar, Türkmenistanyň din hadymlarynyň olar ýaly maksatlary ýok. Olaryň dini okamak, bileniňi öwretmek maksady bar. Türkmenistanyň öz içinde medreseler bolsa ýa dini uniwersitetler bolsa, onda adamlar Türkmenistanyň içinde-de okajaklar. Türkmenistanda olam ýok. Ýekeje bir medrese ýok, ýekeje bir dini uniwersitet ýok.

Türkmen halky asly musulman halk. Adamyň ruhundan dini hiç haçan aýryp bolmaz. Bu ýagdaýlar ýurduň içindäki we daşyndaky dindarlary din meselesinde ahmyr çeker ýaly edip goýjak. Şu meselä-de bir göz aýlasalar, şuňa-da düşünseler diýip, Alladan umyt edýärin.
XS
SM
MD
LG