Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kairde harby hökümete garşy protest demonstrasiýasy geçirildi


Anna güni giçlik Müsüriň paýtagty Kairiň merkezinde “Musulman doganlygy” partiýasynyň tarapdarlarynyň müňlerçesi ýurduň harby hökümetine garşy protest demonstrasiýasyna çykdy.

Protestçiler Saýlaw komissiýasynyň iki sany yslamçy syýasatçynyň prezidentlige dalaşgär hökmünde saýlawlara gatnaşmagyny gadagan etmegini hem-de ýurduň ozalky premýer-ministri Ahmed Şafigiň prezidentlige dalaş etmegine rugsat bermegini ýazgardylar.

Slaýlaw komissiýasy Hosni Mübäregiň ýurdy dolandyran ýyllarynda premýer-ministrlik eden Ahmed Şafigiň kandidaturasyny ilki inkär edip, soňra ony dalaşgärleriň sanawyna goşupdy.
XS
SM
MD
LG