Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany ben Ladeniň maşgalasyndan howatyr etmeýär


Saud Arabystanynyň bir hökümet resmisi Osama ben Ladeniň Pakistandan deportasiýa edilen maşgala agzalaryna gumanitar esasda bu ýurtdan pena berlendigini aýtdy.

Bu ýurduň “Aşark al-Awsat” atly gündelik gazetine interwýu beren bu resmi ben Ladeniň dul galan aýallarynyň we onuň çagalarynyň terror işlerine dahylly däldiklerine ynam edýändiklerini belläpdir.

Pakistanyň häkimiýetleri geçen ýylyň maý aýynda bu ýurtda öldürildi diýlip hasaplanylýan Osama ben Ladeniň üç sany dul galan aýalyny we 11 çagasyny hem-de agtygyny anna güni Saud Arabystanyna deportasiýa etdi.

Ben Ladeniň bu aýallaryndan ikisiniň asly Saud Arabystanyndan we biri Ýemenden.
XS
SM
MD
LG