Sepleriň elýeterliligi

Tähranda egin-eşiklere kontrollyk boýunça kampaniýa başlandy


Şenbe güni Tähranyň polisiýa edarasynyň başlygy Husseýin Sajediniýa Eýranyň paýtagtynda aýal-gyzlaryň eşik geýmekdäki düzgün bozmalaryna garşy täze göreş kampaniýasynyň ýola goýlandygyny mälim etdi.

Husseýin Sajediniýanyň ýerli habar agentligine aýtmagyna görä, Tähranyň polisiýasy egin-eşik öndürýän fabrikalaryň we egin-eşik import edýän kompaniýalaryň bu baradaky düzgünlere nähili eýerýändikleri bilen-de gyzyklanar.

Eýranda yslam dinine laýyklykda egin-eşikleriň geýnilmegine gözegçilik edýän polisiýa her ýyl bu düzgüni bozmakda ýüzlerçe adamy tussag edip, olara jerime salýar. 1979-njy ýylyň rewolýusiýasyndan soň aýal-gyzlaryň hijap geýinmekleri ýurtda hökmany talaba öwrüldi.
XS
SM
MD
LG