Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly aktiwist Amerikan ilçihanasyndan pena tapdy


Düýbi ABŞ-da ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy topar hytaýly bir syýasy dissidentiň häzirki wagt ABŞ-nyň Hytaýdaky ilçihanasyndan pena tapandygyny mälim etdi.

Bu toparyň maglumatyna görä, soňky wagtlar häkimiýetler tarapyndan öý tussaglygyna alnan hytaýly aktiwist Çen Guangçeng 22-nji aprelde Şangdong prowinsiýasyndaky öz öýünden gaçyp, Pekindäki Amerikan ilçihanasyndan pena alypdyr.

Häzirki wagt onuň indiki ykbaly barada Hytaýyň we ABŞ-nyň resmileriniň arasynda gepleşikleriň barýandygy habar berilýär. Amerikan resmileri bu waka barada häzirlikçe kommentariýa bermekden saklanýarlar.
XS
SM
MD
LG