Sepleriň elýeterliligi

Belarusda türkmen-belarus ylalaşyklaryna gol çekildi


Anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarusa saparynyň barşynda birnäçe ylalaşyga gol çekildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň resmi habar agentligi anna güni Minskde Türkmenistan bilen Belarusyň özara hyzmatdaşlyk baradaky işewur geňeşini döretmek boýunça ylalaşyga gol çekendiklerini habar berdi.

Maglumata görä, bu baradaky ylalaşyga iki ýurduň söwda-senagat palatalarynyň ýolbaşçylary gol çekipdirler.

Mundan daşary, anna güni Belarusyň bilim ministri Sergeý Maskewiç bilen Türkmenistanyň wise-premýeri Sapardurdy Toýlyewiň bilim pudagyndaky özara hyzmatdaşlyklar boýunça hökümetara ylalaşygyna gol çekendikleri-de habar berildi.
XS
SM
MD
LG