Sepleriň elýeterliligi

N.Nazarbaýewiň inisi öz ozalky maşgalasyny suda berdi


Gazagystanyň Almaty şäherindäki "Uş Koňyr" atly söwda nokatlarynyň işgärleri bu söwda nokatlarynyň eýesi Bolat Nazarbaýewi korrupsiýada aýyplap, piket geçirýärler. Almaty, 10-njy iýun, 2010.

Gazagystanyň Almaty şäherindäki "Uş Koňyr" atly söwda nokatlarynyň işgärleri bu söwda nokatlarynyň eýesi Bolat Nazarbaýewi korrupsiýada aýyplap, piket geçirýärler. Almaty, 10-njy iýun, 2010.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaewiň inisi Bolat Nazarbaýew ABŞ-da özüniň ozalky aýalyny we onuň ogluny suda berdi.

Hepdäniň çarşenbe güni Nýu-Ýorkuň şäher suduna beren arzasynda ol özüniň ozalky aýaly Mariýa Kurmangaliýewa bilen onuň ogly Daniýar Kesikbaýewi Nýu-Ýorkdaky 20 million dollara durýan kwartirasyny dildüwşük ýoly bilen öz elinden aljak bolmak synanyşygynda aýyplaýar.

Bolat Nazarbaýewiň bu baradaky arzasynda onuň 2008-nji ýylyň fewralynda Nýu-Ýorkda gymmatbaha kwartira satyn almagynyň yzy bilen, özüniň şol wagtky aýaly Mariýa Kurmangaliýewa bilen onuň ogly Daniýar Kesikbaýewiň-de bu kwartira eýe bolmaga dalaş edendikleri aýdylýar.

Elden giden kwartira

Bolat Nazarbaýewiň aýtmagyna görä, ol şonda Birleşen Ştatlara barmazdan, bu kwartirany öz adyna geçirmek boýunça dokument işlerini Daniýar Kesikbaýewe ynanypdyr.

Arzada aýdylmagyna görä, şonda Daniýar Kesikbaýew Nýu-Ýorkdaky bu kwartirany Bolat Nazarbaýew bilen birlikde öz ejesi Mariýa Kurmangaliýewanyň-da adyna degişli edip, hasaba aldyrypdyr we soňra-da, kwartirany öz ejesinden mugtuna satyn alypdyr.

Bu gymmatbaha kwartirany ýuridiki taýdan Daniýar Kesikbaýewiň adyna geçirmek işinin Nýu-Ýorkdaky “Isaacs & Associates” atly firma tarapyndan amala aşyrylandygy aýdylýar. Ýöne bu kwartiranyň satyn alnan ýeri bolan Plaza Hotel ýaşaýyş jaý kompleksiniň we “Isaacs & Associates” firmasynyň resmileri bu gürrüňi edilýän waka boýunça kommentariýa bermekden saklanýarlar.

Interpolyň gözlegindemi?

Bolat Nazarbaýew suda beren arzasynda öz pulundan bikanun peýdalanyp, Daniýar Kesikbaýewiň Nýu-Ýorkda her biri 2 million dollara durýan ýene iki sany kwatirany satyn alandygy-da aýdylýar. Daniýar Kesikbaýewiň resmi registrasiýasy onuň şol gürrüňi edilýän kwartiralardan birinde registrasiýa edilendigini görkezýär.

Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň inisi Bolat Nazarbaýew 2001-nji ýylda Mariýa Kurmangaliýewa öýlenipdi, ýöne 10 ýyl geçensoň, 2011-nji ýylda olar resmi ýagdaýda aýrylyşdylar.

Bolat Nazarbaýew Mariýa Kurmangaliýewanyň başga-da birnäçe jenaýat işlerine dahyllydygyny we onuň häzirki wagt Interpolyň gözlegindedigini-de tassyklaýar.

Ýöne Interpolyň resmi internet saýtynda Mariýa Kurmangaliýewanyň ady häzirki wagt gözlenilýän adamlaryň sanawynda ýok.
XS
SM
MD
LG