Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Arkadagy” wasp edýän Bedew baýramy


Prezident G.Berdimuhamedow Bedew baýramçylygynda tomaşaçylaryň öňünde özüniň at çapmak başarnyklaryny görkezýär. Aşgabat, 23-nji aprel, 2011.
Prezident G.Berdimuhamedow Bedew baýramçylygynda tomaşaçylaryň öňünde özüniň at çapmak başarnyklaryny görkezýär. Aşgabat, 23-nji aprel, 2011.
Türkmenistanda her ýyl aprel aýynyň ahyrky ýekşenbe güni türkmen bedewiniň baýramçylyk güni hökmünde bellenilýär. Adat boýunça bu sene mynasybetli geçirilýän çäreler has öňräkden başlanýar.

Şu ýyl Bedew baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň sany 20-den gowrak bolup, olaryň ilkinjisi 23-nji aprelde başlandy. Esasy baýramçylyk, her ýyl bolşy ýaly, aprel aýynyň ahyrky bazar güni geçirilýär.

Galyba salnan çykyşlar

Bu gezek ýekşenbe güni 29-nji aprele gabat geldi. Emma bu baýramçylygyň wagyz we propaganda işleri indi birnäçe günden bäri dowam edýär. “Altyn Asyr” telekanalynda görkezilýän gepleşiklerde bu barada yzygiderli galyba salnan pöwhe we showhunly çykyşlar gaýtalanýar.

Türkmen gazetlerinde Arkadaga hem-de bedewlere bagyşlanyp çap edilen täze goşgulardan käbiri. Aprel, 2012.
Türkmen gazetlerinde Arkadaga hem-de bedewlere bagyşlanyp çap edilen täze goşgulardan käbiri. Aprel, 2012.
Döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän telekanallarda Bedew baýramçylygy bilen baglanyşykly görkezilýän reportažlarda Bedew baýramçylygy bilen bilelikde, prezident Berdimuhamedowyň adyna-da aýratyn mahabatlandyrmalar aýdylýar.

“Şu ajaýyp baýramçylyk pursatyndan peýdalanyp, külli türkmen halkyny, mähriban prezidentimizi behişdi bedewlerimiziň baýramçylygy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Biz, ýaşlar üçin okamaga, işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge mümkinçilik döredip beren mähriban Arkadagymyza sag bolsun aýdýaryn” diýip, Türkmen telewedniýesinde görkezilen bir interwýuda gürlän student nygtaýar.

Türkmen telekanallary bilen bir hatarda, gazetlerde hem baýramçylyk baradaky habarlara aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň ähli merkezi gazetlerinde türkmen atlaryny wasp edýän çeper eserler we goşgular toplumlary ýzygiderli çap edilýär.

Arkadagdan gaýrat alan Akhan…

Şu goşgulardan biri hem soňky döwürlerde häkimiýetleri wasp etmekde at gazanan şahyrlardan biri Gözel Şagulyýewanyň 24-nji aprelde Türkmenistanyň ähli merkezi gazetlerinde birbada çap edilen “Akhan” atly goşgusy boldy. Bu goşgy şeýle bent bilen başlanýar:

Türkmen gazetinde şahyra Gözel Şagulyýewanyň çap bolan “Akhan” atly goşgusy. 24-nji aprel, 2011.
Türkmen gazetinde şahyra Gözel Şagulyýewanyň çap bolan “Akhan” atly goşgusy. 24-nji aprel, 2011.
Aldyňmy gaýraty Arkadagyňdan,
Göwnümemi, has görklenen ýaly sen.
Suw içdiňmi diriligiň ýabyndan,
Gudratlynyň Hydyr gören maly sen.


Bu temadan goşgy ýazýan diňe Gözel Şagulyýewa bolman, ýakynda Hojamuhammet Kakalyewiň “Döwletli”, Aýjemal Omarowanyň “Dorhanyň” atly goşgularam Türkmenistanyň ähli merkezi gazetlerinde çap edildi.

Hojamuhammet Kakalyýewiň 25-nji aprelde Türkmenistanyň ähli merkezi gazetlerinde çap edilen “Döwletli” atly goşgusyndan bir bölek:

Arkadagym at üstünde,
Türkmeniň söýgi daragty.
Gadym-gadym köklidir ol,
Baky juwan Türkmen bagty.


Emma käbir ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, türkmenleriň öz bedew atlaryna bolan hormatyna hem büýsanjyna söz ýok, ýöne çap edilen eserleriň we telekanallarda görkezilýän programmalaryň ideologyýalaşdyrylanlygy göwnejaý däl.

Türkmen gazetinde Hojamuhammet Kakalyýewiň çap bolan “Döwletli” atly goşgusy. 25-nji aprel, 2011.
Türkmen gazetinde Hojamuhammet Kakalyýewiň çap bolan “Döwletli” atly goşgusy. 25-nji aprel, 2011.
Şeýle pikiri öňe sürýänlerden birem özüni Altymyrat diýip tanadan aşgabatly medeniýet işgäri. Ol: “Bu materiallaryň aglabasy özleriniň pafoslylygy we aşa ideologyýalaşdyrylmagy bilen tapawutlanýarlar. Olaryň hiç haýsysyny soňuna çenli arkaýyn okap bolanok. Suwjuklyk we öwünjeňlik halys ýüregiňe düşýär” diýip, nygtady.

Ýerli mediada çap edilýän maglumatlardan çen tutulsa, soňky döwürlerde türkmen mediasynda bedew atlar bilen baglanyşykly tematika Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmeginden soň has-da möwjedi. Onuň sebäpleri barada bir zat aýtmak kyn.

Emma, şol bir wagtyň özünde-de, Berdimuhamedowyň atlara bolan söýgüsi hem uly-kiçä aýan. Soňky döwürlerde ol barada ençeme makalalardyr, dürli görnüşdäki eserler hem döredildi. Prezidentiň atlara bagyşlanan kitaby hem ýakynda çap edildi. Onuň dabaralarda at münüp aýlanýan wediosužetlerem telekanallarda ýgy-ýgydan görkezilýär.
XS
SM
MD
LG