Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidentligine öňki kandidat özbek prezidentiniň kimdigini henizem bilenok


Birleşen Ştatlaryň prezidentligine öňki respublikan kandidat Herman Keýn özüniň dalaşgärlik kampaniýalaryny dekabr aýynda tamamlapdy.
Birleşen Ştatlaryň prezidentligine öňki respublikan kandidat Herman Keýn özüniň dalaşgärlik kampaniýalaryny dekabr aýynda tamamlapdy.

Herman Keýniň garaýşyça, Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolmak üçin dünýädäki ähli prezidentleriň adyny, esasan hem Sowet Soýuzynyň dargamagyndan bäri Özbegistany dolandyryp gelýän Islam Karimowyň adyny bilmek hökman däl.

Keýniň öňki eden çykyşyndan bölek:



Birleşen Ştatlaryň prezidentligine öňki respublikan kandidat Herman Keýn özüniň dalaşgärlik kampaniýalaryny dekabr aýynda tamamlapdy.

Emma Keýniň özboluşly degişgen häsiýeti onuň çykyşlarynynyň diýseň şowhunly bolmagyna getirdi. Onuň kandidatlyk kampaniýalaryndan çekilmegi bilen bolsa, respublikan dalaşgärleriň bäsleşik meýdançasyndaky gülküli pursatlar tamam boldy.

Emma şondan bäri birnäçe aýyň geçendigine garamazdan, bir zat welin üýtgemedi. Keýn Özbegistanyň prezidentiniň kimdigini henizem bilenok. Has dogrusy, ol “arasynda” öwrenipdir, ýöne soň ýadyndan çykarypdyr.

Ýakynda efire berlen “Jon Stýuart bilen gündelik telegepleşigi” ikinji minutdan başlap tomaşa ediň:


Bu ýaşulynyň dogruçyllygynyň özi hem bir zada degýär.
XS
SM
MD
LG