Sepleriň elýeterliligi

Kolumbiýadaky çaknyşykda fransuz jurnalisti ýitirim boldy


Kolumbiýanyň Goranmak ministrliginiň resmileri ýurduň harbylarynyň çepçi ýaragly söweşijiler bilen çaknyşygynyň yzy bilen, bu wakanyň bolan ýerinde bir fransuz žurnalistiniň dereksiz ýitendigini habar berdiler.

Kolumbiýanyň resmileriniň maglumatyna görä, şenbe güni bir tokaýlyk raýondaky kokain öndüriji gizlin laboratoriýalary ýok etmek üçin gurnalan operasiýada çepçi ýaragly söweşijiler harbylara garşy duýdansyz hüjüm edipdirler.

Wakada üç sany esger bilen bir polisiýa işgäri ölüpdir. Bu operasiýa wagtynda hökümet güýçleriniň ýany bilen barýan fransuz žurnalisti Romeo Langloisiň hem dereksiz ýitendigi aýdylýar.

Maglumata gorä, ol Fransiýanyň “Le Figaro” gazetiniň we “France-24” telewideniýesiniň reportýory bolup işleýän eken.
XS
SM
MD
LG