Sepleriň elýeterliligi

Wetnamda tussag edilen amerikan raýaty terrorizmde aýyplanylýar


Ýekşenbe güni Wetnamyň döwlet mediasy wetnam asylly bir amerikan raýatynyň terrorizmde aýyplanyp, tussag edilendigini habar berdi.

Wetnamyň döwlet habar agentligi bu gürrüňi edilýän amerikan raýatynyň 17-nji aprelde ýurduň Ho Şi Min şäheriniň aeroportunda tussag edilendigini habar berýär.

Habar agentliginiň maglumatynda bu amerikan raýatynyň Wetnamda hökümete garşy protest çykyşlaryny öjükdirmekligi hem-de Amerika tarapyndan gurnalan Wetnam Urşunyň tamamlanmagynyň ýyl dönüminiň hatyrasyna gurnaljak çärelere päsgelçilik döretmekligi planlaşdyrandygy aýdylýar.

Wetnam Urşunyň tamamlanmagy her ýylyň 30-njy aprelinde bellenilip geçilýär.
XS
SM
MD
LG