Sepleriň elýeterliligi

Liwandaky ýaragly gäminiň Siriýa barýan bolmagy mümkin hasaplanýar


Ýekşenbe güni Liwanyň razwedka gullugynyň resmileri bu ýurduň deňiz territoriýasynda saklanan bir gämiden tapylan ýaraglaryň Siriýa tarap alnyp barylýan bolmagynyň mümkindigini mälim etdiler.

Liwanyň resmileri Afrikanyň Sierra-Leon döwletiniň baýdagy dakylgy we “Lutfullah-2” diýlip atlandyrylýan bu gäminiň ekipažynyň häzirki wagt sorag edilýändigini habar berdiler.

Maglumata görä, Liwiýadan çykyp gaýdan bu gäminiň üstündäki konteýnleriň içinden köp mukdarda ok-ýarag, raketa atyjy toplar we artilleriýa oklary tapylypdyr.

Siriýanyň häkimiýetleri şu çaka çenli ýurduň içindäki oppozision ýaragly toparlara daşary ýurtlar tarapyndan ýarag goldawynyň berilýändigini aýdyp, bu ýagdaýa alada bildirip gelýärler.
XS
SM
MD
LG