Sepleriň elýeterliligi

Kanadanyň Tährandaky ilçihanasy özüniň wiza bölümini ýapdy


Ýekşenbe güni Kanadanyň Tährandaky ilçihanasy bu ilçihanynyň wiza bölüminiň ýapylýandygyny yglan etdi.

Munuň özi Eýrandan Kanada sapar edýän müňlerçe adamyň mundan beýläk Kanadanyň Tährandaky ilçihanasyndan wiza alyp bilmejekdiklerini aňladýar.

Kanadanyň ilçihanasy Eýranyň raýatlaryna wiza bermek işi bilen indi Kanadanyň Ankaradaky ilçihanasynyň meşgullanjakdygyny mälim etdi. Bu soňky çäräniň anyk nähili sebäpler bilen baglanyşyklydygy barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG