Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Tatarystan Respublikasynyň medeni günleri tamamlandy


Şenbe güni Aşgabatda Tatarystan Respublikasynyň medeni günleriniň jemleýji ýapylyş çäresi geçirildi.

Tatarystan Respublikasynyň Aşgabatda birnäçe günläp dowam eden medeni günleriniň dowamynda tatarystanly medeniýet we sungat işgärleri paýtagtyň ýaşaýjylaryny özleriniň aýdym-saz programmalary we sungat eserleri bilen tanyşdyrdylar.

Şenbe güni Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde gurnalan jemleýji gala-konsertde Türkmenistanyň we Tatarystanyň aýdym-saz ussatlary özleriniň konsert nomerleri bilen çykyş etdiler.

Bu dabara Türkmenistanyň hökümet resmileri bilen birlikde, Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG