Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda milli Bedew baýramçylygy bellenilip geçilýär


Ýekşenbe güni Türkmenistanda giň gerimde milli Bedew baýramçylygy bellenilip geçilýär.

Ýurduň ozalky prezidenti S.Nyýazowyň permany bilen ýola goýlan bu däbe görä, Bedew baýramçylygy her ýylyň aprel aýynyň soňky ekşenbe güni geçirilýär.

Bu baýramçylyk mynasybetli ýekşenbe güni paýtagt Aşgabatdaky we käbir beýleki welaýat merkezlerindäki aýlawlarda ýörite at çapyşyk ýaryşlary-da gurnaldy.

Şeýle ýaryşlaryň birem Lebap welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýaryşa tomaşa eden Azatlyk Radiosynyň habarçysy Umyt Jumaýew ýaryşyň enijisine “Lada” kysymly maşynyň sowgat berlendigini aýtdy.

Şeýle hem, ol at çapyşyklara tomaşa etmäge gelen tomaşaçylaryň, esasan, mekdep okuwçylaryndan, studentlerden hem-de käbir ýerli edara-kärhanalaryň işgärlerinden ybarat bolandygyny belledi.

Soňky wagtlar prezident G.Berdimuhamedowyň atçylyk sungaty bilen şahsy gyzyklanmasynyň netijesinde, ýurduň atçylyk pudagyndaky ähli ösüşleriň we “ýetilen belent sepgitleriň” hem hut häzirki prezidentiň şahsyýeti bilen baglanyşdyrylýandygyny görmek bolýar.
XS
SM
MD
LG