Sepleriň elýeterliligi

Mugallymlar köçede, okuwçylar çärede


A. Abaýewa: "Men şol çärelere gatnaşmanym üçin, “işden çyk” diýip duýdurdylar".

A. Abaýewa: "Men şol çärelere gatnaşmanym üçin, “işden çyk” diýip duýdurdylar".

Türkmenistanda mugallymlaryň we okuwçylaryň yzygiderli ýagdaýda köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylmagy käbir halatda okuwçylaryň okuw programmasyndan yza galmagyna sebäp bolýar diýip, aşgabatly mugallyma Aýna Abaýewa aýdýar. Ol, mysal üçin, Garaşsyzlyk baýramçylygy döwründe mugallymlaryň hem gije sagat 3-de gidip, daňdan gidip, öýe gelmän, sowukda durýandyklaryny aýdýar.

A. Abaýewa: [Mugallymlary] marşirowka-türgenleşige äkidýärdiler. Köçelerde durýalar, daşarda durýarlar. Olar çäreden sypanoklar. Emma olara hiç hili goşmaça iş haky tölenmeýär.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda zenan mugallymlara öydäki işlerini etmäge, çagalaryny terbiýelemäge ýetişýärlermi?

A. Abaýewa: Meniň pikirimçe, ýetişmeýärmikä diýýän. Olar daňdanky gidişine garaňky düşende öýe gelýärler. Arasynda birki gün boş wagt bolaýsa-da, okuw işlerine-de ýetişmeýärler.

Azatlyk Radiosy: Mugallymlar öz çagalarynyň terbiýesine nädip wagt tapýar?

A. Abaýewa: Öz çagalaryny-da çärelere äkitmegi boýunlaryna goýýarlar. Çaga öýde bitertip ösýär. Ir daňdan şol çärelere äkitseler, agşam sagat 11-de boşaýarlar. Awtobus hakynam özüň tölemeli.

Azatlyk Radiosy: Çarelere gatnaşmak islemeýan adamlara nähili çemeleşilýär?

A. Abaýewa: Hawa, men şol çärelere gatnaşmanym üçin, “işden çyk” diýip duýdurdylar. “Men klas ýolbaşçy bolaýsamam çagalary hiç hili çärä äkitjek däl” diýip duýdurýan. Şol sebäpli men klas almaýan, meniň özümde klas ýolbaşçylyk ýok. Ýöne men şoňa garşy durýan. Çagalar daňdandan çärelere gitse, men şoňa garşy çykýan.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG