Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Janköýerleriň ornuny çäreçiler doldurdy


Ahal welaýatynyň Halkara atçylyk toplumynda, 29-njy aprel.
Ahal welaýatynyň Halkara atçylyk toplumynda, 29-njy aprel.
Dynç güni Ahal welaýatynyň Halkara atçylyk toplumynda Bedew baýramçylygyna bagyşlanan uly at çapyşyk geçirildi.

– Daň bilen sagat 6 töweregi Çülidäki Halkara atçylyk toplumyna bardyk. Çäräniň başlanmagyna 4-5 sagat garaşmaly bolýan halaty hem bar – diýip, ýokary okuw jaýynyň 20 ýaşly studenti Mekan aýdýar.

Adatça ýurduň prezidentiniň gatnaşýan köpçülikleýin çärelerine tomaşa etjekler degişli ýere birnäçe sagat öňünden barmaly. Çärä gitmek üçinem 2-3 sagat öňünden bellenen ýere barmaly bolýar.

– Atçylyk toplumyna gitmek üçin gije sagat 3-lere öz okaýan ýokary okuw jaýymyzda üýşdük. Şol ýerden awtobusly Çülidäki Halkara atçylyk toplumyna ugradyk. Dabara başlaýança üç sagat garaşdyk – diýip, Mekan gürrüň berýär.

Tükeniksiz baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän dabaralara, sergilere we beýleki dürli-dürli köpçülikleýin çärelere tomaşa etmek, olara gatnaşmak ýurduň býujet edaralarynyň işgärleri, ýokary hem-de orta okuw jaýlarynyň studentleri, mekdep okuwçylary üçin esasy borçlaryň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda, 29-njy aprel.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda, 29-njy aprel.
Ýaňy ýakynda Saglyk hepdeligi tamamlandy, ondan soň Bedew baýramy. Maý aýynda hem köpçülikleýin çäreler az däl. Güýz golaýlanda Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyklar başlanýar, ondan soň Bitaraplyk baýramy üçin taýýarlyk işleri geçirilip başlanýar. Taýýarlyk çärelerine iň köp gatnaşdyrylýanlar bolsa ýokary okuw jaýlarynyň studentleri.

29-njy aprelde Bedew baýramy mynasybetli geçirilen çärä tomaşa etmäge gitmek üçin dynç güni ukydan galan Mekan ýaly ýokary okuw jaýlarynyň studentleri az bolmandyr. Bu çärä mekdep okuwçylary, býujet edaralarynyň işgärleri hem mejbury barmaly bolupdyrlar. Halkara atçylyk toplumynyň münberleriniň 7 müňe golaý tomaşaça niýetlenendigine garamazdan, çärä gatnaşan adamlaryň sany 7 müňden geçipdir.

– Halkara atçylyk toplumynyň daşynda prezidenti garşylamak üçin “diri koridorda” duran adamlaram az däldi. Olar adat boýunça ellerindäki ak şarjagazlaryny we baýdajyklaryny galgadyp, “Arkadaga şöhrat” diýip, prezidenti garşylamalydylar – diýip, Mekan gürrüň berýär. - Eger çärä gatnaşmakdan ýüz öwürseň, onda okuwdan çykarmaklary ähtimal. Dogry, bu çärälerden sypmak mümkin. Ýöne, munuň üçin lukman tarapyndan tassyklanan ýarawsyzlyk ýaly bahana gerek.

29-njy aprelde Halkara atçylyk toplumynda türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabara bu baýramçylyk myhasybetli 23-nji aprelden bäri geçirilen 20-den gowrak köpçülikleýin çäreleriň ahyrkysy boldy.
29-njy aprelde Halkara atçylyk toplumynda türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabara bu baýramçylyk myhasybetli 23-nji aprelden bäri geçirilen 20-den gowrak köpçülikleýin çäreleriň ahyrkysy boldy.
​At çapyşyga öz islegi bilen janköýerlik etmäge barjak bolanlaryň köpüsi atçylyk toplumynyň münberlerine goýberilmändirler. At çapyşyklaryň muşdagy 36 ýaşly Baýram hem şolaryň biri. Ol Aşgabadyň aýlawyndaky geçirilýän at çapyşyklaryň hiç birini sypdyrman diýen ýaly tomaşa edip gelýändigini, emma şu gezek Halkara atçylyk toplumynyň münberine goýberilmändigini aýdýar.

– Şu gezek gaty gyzykly at çapyşyk bolar diýip aýdýardylar. Daşary ýurtly çapyksuwarlar hem at çapyşyga gatnaşmalydylar. Emm oňa tomaşa edip bilmedim. Çülidäki aýlawa ýetmänkäm bir-iki sany adam ýolda saklap, “aýlawda ýer ýok yzyňa dolanyber” diýdi – diýip, Baýram aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow atçylyk toplumynda, 29-njy aprel
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow atçylyk toplumynda, 29-njy aprel
​Eger Aşgabadyň aýlawynda geçirilýän at çapyşyklara tomaşa etmäge barýan adamlardan ýaňa aýlawyň tribunalarynyň boş bolmaýandygynydan çen tutsaň, dynç güni geçirilen at çapyşyga bu sportuň müňlerçe muşdaklarynyň tomaşa edip bilmändigini aýtsa bolar.

– Beýleki welaýatlardan tapawutlylykda, Ahalda at çapyşygyň muşdaklary köp. Şonuň üçin, aýlawlara mejbury tomaşaçylary getirmegiň zeruryýeti ýok – diýip, Baýram Azatlyk Radiosyna aýtdy.

29-njy aprelde Halkara atçylyk toplumynda türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabara bu baýramçylyk myhasybetli 23-nji aprelden bäri geçirilen 20-den gowrak köpçülikleýin çäreleriň ahyrkysy boldy. Indi nobatdaky çäreler başlanmaly.
XS
SM
MD
LG