Sepleriň elýeterliligi

Mýanmar: Su Çi parlamente goşulmaga razylyk berýär


Aung San Su Çi žurnalistleriň öňünde çykyş edýär. Ýangon, 30-njy aprel, 2012.

Aung San Su Çi žurnalistleriň öňünde çykyş edýär. Ýangon, 30-njy aprel, 2012.

Aung Su Çi we onuň Demokratiýa ugrundaky Milli Liga partiýasynyň beýleki täze saýlanan agzalary geçen hepde kasamyň beýan edilişi bilen ylalaşmaýandyklaryny aýdyp, kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmakdan ýüz dönderipdiler.

Bu kasam kanun çykaryjylary 2008-nji ýylyň konstitusiýasyny “gorap saklamaga” çagyrýar. Su Çi kasamyň bu ýeriniň konstitusiýany “hormatlamak” diýlip üýtgedilmegini haýyş edipdi.

Baş kanundaky gapma-garşylyk

Mýanmaryň Baş kanuny harbylaryň syýasy agalygyny goraýar we soňky elli ýylda awtoritar harby režim tarapyndan dolandyrylan günorta-gündogar Aziýa döwletiniň parlament orunlarynyň 25 prosentini harbylaryň almagyny kepillendirýär.

Nobel baýragynyň eýesi we ozalky syýasy tussag duşenbe güni žurnalistleriň öňünde çykyş edip, indi biraz ýumşandygyny we özüni parlamentde görmek isleýän goldawçylarynyň arzuwyny hasyl etmekden ötri, kasam kabul etjegini aýtdy.

“Biz, hormat-sylag yşaraty hökmünde, dürli toparlar bilen ylalaşyk syýasatyna eýereris. Onsoň men mümkin boldugyça çalt kasam edip, parlamentiň kanuny agzasy bolmak üçin hereket etmekçidigimi aýtmak isleýärin” diýip, Su Çi nygtady.

1-nji aprelde bolan parlament saýlawlary Su Çiniň Demokratiýa ugrundaky Milli Liga partiýasynyň 1990-njy ýyllardan bäri gatnaşan ilkinji saýlawy boldy.

Bu partiýa 1990-njy ýylyň saýlawlarynda sesleriň aglaba köplügini aldy, ýöne goşun onuň netijelerini kabul etmedi we Su Çi tussag etdi hem öý tussaglygynda saklady. Ol 2010-njy ýylda soňky gezek azatlyga çykarylmazyndan öň jemi 15 ýylyny ýesirlikde geçirdi.

Su Çiniň karary Banyň saparyna gabat geldi

Su Çiniň parlament agzasynyň kasamyny kabul etmek karary BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň bu ýurda geçen ýyl reformaçy hökümet iş başyna geçip, harby dolandyryşy soňlaly bäri ilkinji gezek sapar edýän wagtyna gabat geldi.

Ban paýtagt Naýpyidawda Mýanmaryň prezidenti Thein Sein bilen gepleşik geçirdi we sişenbe güni Ýangonda Su Çi bilen duşuşmaly. Ban bu ýurda soňky gezek 2009-njy ýylda sapar edipdi we şonda harby ýolbaşçylar onuň sapar mahalynda Su Çi bilen duşuşmagyny gadagan edipdiler.

Ban bu saparyny Mýanmaryň hökümetine reformalary çaltlaşdyrmaklary üçin basyş etmek we Günbatar döwletlerini, goldaw görkezmekden ötri, galan sanksiýalary hem ýatyrmaga çagyrmak üçin ulanýar.

Ban duşenbe güni täze saýlanan parlamentde daşary ýurtly ýokary derejli myhman hökmünde ilkinji bolup sözlän sözünde halkara jemgyýetçiligini “söwda çäklendirmelerini we beýleki gadagançylyklary aýyrmakda, togtatmakda ýa gowşatmakda has ilerlemäge” çagyrdy.

BMG bu ýurduň otuz ýyl gowrak wagtdan bäri birinji gezek geçirýän ilat we jaý ýazuwyny geçirmäge kömek bermäge razy boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Katrin Aşton hem häzir Mýanmara sapar edýär.
XS
SM
MD
LG