Sepleriň elýeterliligi

Mary şäheri GDA-nyň medeni merkezi statusyny aldy


Türkmenistanyň Mary şäherinde 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty statusyny resmi taýdan kabul ediş dabarasy geçirildi.

Duşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Marynyň ýaşaýjylaryny bu çäre bilen gutlady we Mary şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan edýän resminamany Marynyň häkimiýetlerine gowşurdy.

Bu çärä GDA-nyň dolandyryjy komitetiniň başlygy Sergeý Lebedewiň ýolbaşçylygyndaky Orsýetiň delegasiýasy hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mary we Gazagystanyň Astana şäherleri GDA-nyň ilkinji medeni paýtagtlary edilip geçen ýylyň dekabrynda ozalky Sowet döwletleriniň wekilleriniň ýygnagynda saýlanypdy.

Mary we onuň töweregindäki regionlar taryhy Ýüpek ýolunda möhüm orun eýeländigi bilen tanalýar. Bu region ÝUNESKO-nyň dünýäniň mirasy hasaplaýan ýerleriniň hataryna goşulypdy.
XS
SM
MD
LG