Sepleriň elýeterliligi

Siriýada iki şäherde partlama amala aşyryldy


Siriýanyň döwlet habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni Damask şäheriniň merkezi bankyna we polisiýa patrulyna garşy granatomýotly hüjüm amala aşyrylypdyr.

Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Idlib şäherinde iki sany bombanyň partladylandygy hem habar berilýär. Döwlet mediasy janyndan geçen hüjümçileriň amala aşyran bu iki partlamasynda 8 adamyň ölendigini habar berýär.

Britaniýada ýerleşýän "Siriýanyň adam hukuklaryna gözegçilik ediji topar" bolsa, Idlib şäherinde bolan partlamada azyndan 20 adamyň öldürilendigini aýdýar.

SANA resmi habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Damaskda dört polisiýa işgäri ýaralanypdyr we Merkezi bankyň binasyna biraz zeper ýetipdir. Döwlet mediasy hüjümleriň “ýaragly terrorçylar” tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýar.

Häkimiýetler prezident Başar al-Assadyň režimini agdarmaga synanyşýan garşydaşlaryny “terrorçylar” diýip atlandyrýarlar.

BMG-niň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Kofi Annanyň parahatçylyk planyna garamazdan, Siriýada bidüzgünçilikler dowam edýär.
XS
SM
MD
LG