Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly dissident Çen ABŞ-nyň ilçihanasynda pena tapdy


Hytaýly gözleri kör adam hukuklaryny goraýjy Çen Guangçeng ABŞ-nyň Pekindäki ilçihanasynda pena tapdy, ýöne ol Amerikada bosgun bolmak islemeýär. Bu barada onuň dissident ýarany Hu Jia düşenbe güni aýtdy.

Çen Hytaýyň zorluk bilen sterilizasiýa etdirmek kampaniýasyna garşy durup gelýär. Ol 22-nji aprelde Şandong welaýatynda öý tussaglygyndan gaçyp, geçen şenbe güni ABŞ-nyň ilçihanasynda pena tapdy.

Bu waka Hytaýyň we ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda 3-nji maýda Pekinde geçirilmeli gepleşiklere taýýarlyk görülýän döwre gabat geldi. Bu gepleşiklere ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton hem gatnaşmagy planlaşdyrýar.

Birleşen Ştatlaryň resmileri Çeniň ABŞ-nyň goragyndadygy baradaky maglumaty tassyklamakdan ýüz öwürdiler.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Kurt Kampbell Çeniň işi boýunça gepleşik geçirmek üçin Pekine bardy diýip, “The New York Times” ýazýar.
XS
SM
MD
LG