Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG berk ykdysady çäreleri “haraplaýjy” diýip hasaplaýar


BMG-niň edarasy dünýä boýunça bergi krizisine garşy göreşde berk ykdysady çäreleriň dowam etdirilmegi iş meselesinde we iş orunlaryny döretmekde “haraplaýjy netije” berer diýip, duýduryş edýär.

Halkara Zähmet Guramasy (HZG) “2012-nji ýylda Dünýä boýunça iş üpçünçiligi” diýen hasabatyny duşenbe güni ýaýratdy. Bu hasabatda bellenmegine görä, görlen berk çäreler ynamy berkitmekde we defisiti peseltmekde “öndürijiliksiz” bolmak bilen, ykdysady ösüşi gazanmakda şowsuz bolup çykypdyr.

2008-nji ýyldaky maliýe krizisinden bäri dünýä boýunça 50 million töweregi iş orunlarynyň ýitirilendigi hasabatda bellenilýär. Dünýä boýunça işsizligiň derejesiniň 2012-nji ýylda 6,1 prosentden geljek ýylda 6,2 prosente çenli galjakdygy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG