Sepleriň elýeterliligi

Ekspert Moskwanyň Türkmenistan boýunça pozisiýasy barada


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gorkide, 2011-nji ýylyň 23-nji dekabry.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gorkide, 2011-nji ýylyň 23-nji dekabry.

Orsýetiň prezidentiniň resmi saýtynda 28-nji aprelde prezident Dmitriý Medwedewiň graždan jemgyýetini we adam hukuklaryny ösdürmek boýunça geňeşiň maslahatyny geçirendigi we onda sud sistemasynyň, kanun goraýjy organlaryň işi, köpçülikleýin habar serişdeleriniň azatlygy, ýygnaklaryň erkinligi, adam hukuklaryny goraýjylaryň alyp barýan işleri, graždanlaryň sosial hukuklaryny, şeýle-de watandaşlaryň hukuklaryny goramak ýaly meselelere seredilendigi habar berilýär.

Demokratiýany we adam hukuklaryny ösdürmek merkeziniň prezidenti Ýuriý Jimbadze Medwedewiň ünsüni Orsýetiň Daşary işler ministriniň işindäki kemçiliklere çekip, DIM-niň Türkmenistan bilen bagly pozisiýasyny mysal hökmünde getiripdir.

“Türkmenistanda 150 müň töweregi Orsýet graždanlary ýaşaýar. Bu ýurduň häkimiýetleri olary yzygiderli kemsidýär, olary Orsýet raýatlygyndan ýüz öwürmäge ýa ýurtdan göçüp gitmäge mejbur edýär” diýip, Ýuriý Jimbadze aýdypdyr. “Öz gezeginde Orsýetiň ilçihanasy Orsýet graždanlaryna daşary ýurt pasportyny bermegi wagtlaýyn togtadyp, bu işi has-da çylşyrymlaşdyrýar. Türkmenistan bilen gowy gatnaşyklaryň möhüm roluny, gelýän girdeýjileri hasaba alsak-da, watandaşlarymyzyň hukuklaryny goramak boýunça biziň ýolbaşçylarymyz prinsipial pozisiýa eýelemeli”.

Bu çykyşa Dmitriý Medwedew: “Türkmen gazy meselesine reaksiýa bildirmän durup bilmerin. Biziň balansymyzda türkmen gazynyň hiç hili ähmiýeti ýok. DIM barada aýdylanda, ol dişläni dişleýär, ýöne bu doly adalatly däl” diýip, jogap beripdir.

Hakykatdan-da, türkmen gazynyň Orsýetiň ykdysadyýetinde hiç hili ähmiýeti ýokmy? Bu soraga Orsýetiň Strategik barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow jogap berýär.

Aždar Gurdow

Aždar Gurdow

Aždar Gurdow: Menem Orsýetiň häzir Türkmenistandan alýan hem täzeden başga ýurtlara satýan gazyny ähmiýet berer ýaly uly möçber hasap etmeýärin. Sebäbi soňky iki-üç ýylda ol 10-11 milliard kubometr töweregi. Orsýetiň býujeti göz öňünde tutulsa, ol gaty az. Dünýä bazarynda gazyň bahasy üýtgese, şol möçberiň birnäçe esse artmagy-da mümkin. Prikaspiý turbasynyň gurluşygy başlanmasa-da, Orsýetiň ýolbaşçylary bu işiň geljegini ýatdan çykarmaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Iki ýurduň arasynda gaz gatnaşyklarynyň geljegini göz öňünde tutup, Orsýetiň ýolbaşçylary watandaşlarynyň hukuklaryny goramak meselesine häzirkisi ýaly çemeleşermi?

Aždar Gurdow: Bu ýerde Orsýetiň DIM-niň adresine aýdylan tankyt adalatly. Ýöne Türkmenistanda 150 müň töweregi ors graždany bar diýilmesi hakykata bap gelmeýär. Ekspertleriň hasaby boýunça ol ep-esli az. Ýöne bu ýerde barybir onlarça müň adam barada gürrüň gidýär. 2003-nji ýyldan bäri ors-türkmen goşa raýatlygy bolan adamlaryň durumy bilen bagly mesele hukuk taýdan çözülmän gelýär. Orsýet öz pozisiýasynda, Türkmenistan hem öz pozisiýasynda dur. Täze pasport girizilende, problema örboýuna galýar. Orsýetiň DIM-niň öz graždanlary bilen bagly hereketleri dogry däl hem adalatsyz. Orsýetiň prezidentiniň aýdan sözleri DIM-i aktiw hereketlere ruhlandyrar diýmek kyn. Ol teýeneli sözler.

Azatlyk Radiosy: Ýene sanalgy günden Orsýetiň prezidentiniň kürsüsine Wladimir Putin geçýär. Şondan soň türkmen-ors gatnaşyklarynda, adam hukuklaryna bolan garaýyşlarda haýsydyr bir özgerişlere garaşyp bolarmy?

Aždar Gurdow: Bu çylşyrymly sorag. Ýöne bir zady ýatladaýyn. 2003-nji ýylda Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda gaz şertnamasy baglaşylanda, W.Putin ýurduň prezidentidi. Şonuň üçin düýpli özgerişlere garaşmak dogry bolmasa gerek. Syýasy, ykdysady, harby hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda öňegidişlikler bolar. Gumanitar, adam hukuklary ýaly meselelerde gatnaşyklary gowulandyrmak boýunça haýsydyr bir pozitiw ädimlere garaşmaýaryn.
XS
SM
MD
LG