Sepleriň elýeterliligi

“Freedom House” metbugat azatlygyndan peýdalanýanlaryň azdygyny aýdýar


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän demokratiýa ugrundaky “Freedom House“ topary dünýä boýunça alty adamdan diňe bir adam metbugat azatlygyndan peýdalanýar diýýär.

“Freedom House” guramasynyň täze ýaýradan hasabatynda bu görkezijiniň soňky on ýyldan gowrak döwürdäki iň pes derejäni görkezýändigi bellenilýär.

“Metbugat azatlygy” hasabatynda 197 ýurduň media ýagdaýyna syn edilýär. Onda “Arap bahary” wakalary ýüze çykan ýurtlarda, şol sanda Liwiýada we Tunisde 2011-nji ýylda “öňegidişligiň esasy ädiminiň” ädilendigi aýdylýar. Emma regionyň Eýran we Siriýa ýaly beýleki ýurtlarynda metbugat azatlygyny basyp ýatyrmak güýçlendi diýlip, hasabatda nygtalýar.

Merkezi we Gündogar Ýewropda we Ýewraziýada adamlaryň diňe 15 prosenti metbugat azatlygyndan peýdalanýar. Bu san 2003-nji ýyldan bäri iň pes görkeziji hasaplanýar.

Guramanyň bu hasabatynda Türkmenistan, Belarus we Özbegistan metbugat azatlygynyň dünýä boýunça iň gödek bozulýan ýurtlarynyň hatarynda goýlupdyr.

Demirgazyk Koreýa metbugat azatlygy boýunça iň soňky orunda, Finlýandiýa, Norwegiýa we Şwesiýa bolsa iň ýokary derejede durýar.
XS
SM
MD
LG