Sepleriň elýeterliligi

Protestçiler “Talyban” bilen söweşde dört çaganyň öldürilmeginde NATO-ny aýyplaýar


Sişenbe güni Owganystanyň günorta regionynda müňlerçe protestçi köçä çykdy. Olar NATO güýçleriniň “Talyban” bilen söweşinde ölen dört çaganyň jesedini göterip, Amerika garşy şygarlary bilen ýöriş etdiler.

Günortadaky Zabul welaýatynyň häkiminiň orunbasary Mohammad Jan Rasoulýar çagalaryň 8 ýaşdan 12 ýaşa çenlidiklerini we olaryň Şahjoý diýilýän ýerde “Talyban” bilen NATO-nyň we Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýüze çykan ýaragly çaknyşykda ölendiklerini aýtdy.

Rasulýar käbir şaýatlaryň sözlerine salgylanyp, çagalaryň daşary ýurtlaryň harbylary tarapyndan däl-de, söweşijiler tarapyndan öldürilendigini we onuň söweşijileriň jogapkärçiligindedigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG