Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Putin bilen Medwedew 1-nji maý ýörişine goşuldy


Orsýetiň täze saýlanan prezidenti Wladimir Putin we prezidentlik wezipesinden gidýän Dmitriý Medwedew sişenbe güni Raýdaşlyk güni mynasybetli Orsýetiň paýtagty Moskwada onlarça müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen 1-nji maý ýörişine gatnaşdylar.

Putin, Medwedew we Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin kärdeşler bileleşiginiň işgärleriniň ýörişiniň öňüni çekip gitdiler.

Şäheriň merkezinde geçirilen bu ýörişe çykanlar Orsýetiň baýdagyny, şeýle hem Kremiliň syýasatyny goldaýan we oppozisiýanyň protestlerini ýaňsylaýan syýasy şygarlary göterdiler.

Ýörişe gatnaşan Wladimir Putin 7-nji maýda prezidentlik wezipesine resmi taýdan girişýär.
XS
SM
MD
LG