Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň başlygy Su Çiniň kasama razylyk bildirmegini öwdi


BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Mýanmaryň oppozisiýa lideri Aung San Su Çiniň parlamente goşulmak üçin kabul edilýän kasamyň sözlerine garşy çykyp gelmegine garamazdan, ony ahyry kabul etmäge razylyk bildirmegine oňaýly baha berdi.

Mýanmarda bäş onýyllygyň dowamyndaky harby režim reformaçy hökümet bilen geçen ýyl resmi taýdan çalşyrylany bäri Pan Gi Mun bu ýurda ilkinji gezek sapar edýär. Ol sişenbe güni Su Çi bilen duşuşdy.

Su Çi mundan bir gün öň parlamentdäki öz ornuna geçmek üçin kasam kabul etmäge razylyk bildiripdi.

Bu kasam kanun çykaryjylary 2008-nji ýylyň konstitusiýasyny “gorap saklamaga” çagyrýar. Su Çi kasamyň bu ýeriniň konstitusiýany “hormatlamak” diýlip üýtgedilmegini sorapdy.
XS
SM
MD
LG