Sepleriň elýeterliligi

BBC türkmen žurnalistlerini Aziýa-2017 oýunlary üçin taýýarlaýar


Türkmen metbugatynyň berýän maglumatyna görä, Britaniýanyň BBC teleradiokorporasiýasy Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy esasynda alyp barýan proýektiniň çäginde, Turizm we sport boýunça döwlet komitetiniň guramaçylygynda Türkmenistanyň žurnalistleri bilen iki günlük seminar geçiripdir.

Maglumata laýyklykda, bu seminarda uly sport çärelerini, şol sanda Aziýa-2017 oýunlaryny mediada beýan etmek baradaky meselelere garalypdyr.

Seminary geçirmek üçin BBC-niň Bütindünýä fondunyň ekspertleri Kewin Berden we Deýwid Sted Aşgabada bardylar diýlip, habar berilýär.

2017-nji ýylda Aziýanyň ýapyk jaýlardaky 5-nji oýunlary Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriler.
XS
SM
MD
LG