Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen futbolçylary Duşenbä bardylar


Bu ýaryşda oýnamak üçin Duşenbä “Balkan” futbol toparynyň 21 oýunçysy bardy.
Bu ýaryşda oýnamak üçin Duşenbä “Balkan” futbol toparynyň 21 oýunçysy bardy.
Türkmenistanyň üç gezek çempiony bolan “Balkan” toparynyň futbolçylary duşenbe güni ýolagçy uçar bilen Gazagystanyň Almaty şäherinden Täjigistanyň paýtagty Duşenbä bardylar. Olar Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky saýlap-seçiş oýunlaryna gatnaşarlar.

“Balkan” toparynyň ýolbaşçysy, türkiýeli Semih Ýuwaguranyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, sişenbe güni onuň topary türgenleşige başlapdyr.

“Ähli zat örän gowy. Geçen agşam Duşenbä geldik we irden dynç aldyk. Häzir türgenleşik geçýäris” diýip, Ýuwaguran aýtdy. “Diňe derwezeçimiz ýarawsyzrak. Emma iň esasy zat üstünlik gazanyp, Türkmenistana dolanmak. Futbolçylarymyzyň hem keýpi gowy we olaryň ähli ünsi oýna gönügen. Bizem olara oýnuň möhümdigini düşündirmäge çalyşýarys. Enşalla, ähli zat gowy bolar”.

21 oýunçy bardy

Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky saýlap-seçiş oýunlarynda “C” toparynda çykyş edýän Türkmenistanyň “Balkan” topary Täjigistanyň “Ystyklol” we Palestinanyň “Al Amari” toparlary bilen oýnar. Bu oýunlar 5-nji we 9-njy maý aralygynda Duşenbe şäherindäki merkezi meýdançada geçer.

Bu ýaryşda oýnamak üçin Duşenbä “Balkan” futbol toparynyň 21 oýunçysy bardy.
Bu ýaryşda oýnamak üçin Duşenbä “Balkan” futbol toparynyň 21 oýunçysy bardy.
Bu ýaryşda oýnamak üçin Duşenbä “Balkan” futbol toparynyň 21 oýunçysy bardy. “Balkan” toparyna türkiýeli, 49 ýaşly, öňki meşhur futbolçy Semih Ýuwaguran ýolbaşçylyk edýär. Ol Türkiýäniň “Fenerbahçe”, “Galatasaraý” futbol toparlarynyň we Türkiýäniň ýygyndy futbol toparynyň goragçysy bolupdy.

Täjigistanyň Futbol Federasiýasynyň baş sekretarynyň orunbasary Yslom Mahmatşoýew öz ýurdunyň “Ystyklol” toparynyň ýakynda geçjek oýunlara pugta taýýarlanýandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy. Emma, Mahmatşoýewiň pikiriçe, “Balkan” güýçli topar.

"Güýçli topar"

“Türkmenistanyň “Balkan” futbol kluby güýçli topar. Ol “Ystyklol” topary bilen ilkinji gezek duşuşýar” diýip, Mahmatşoýew aýtdy. “Palestinanyň “Al Amari” topary hem gowy oýnaýar. Emma biziň toparymyzyň wezipesi “C” toparynda birinji bolmak. Bilemok. Göreliň, näme boljagyny!”

Bu ýaryşda oýnamak üçin Duşenbä “Balkan” futbol toparynyň 21 oýunçysy bardy.
Bu ýaryşda oýnamak üçin Duşenbä “Balkan” futbol toparynyň 21 oýunçysy bardy.
Türkmenistanyň “Balkan” topary Täjigistanyň çempiony bolan “Ystyklol” topary bilen 9-njy maýda oýnar.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçjek saýlap-seçiş oýunlary wagtynda futbol janköýerleriniň arasynda iki awtoulag utmak boýunça lotoreýa oýny hem gurnalar. Şol oýunlara tomaşa etmek üçin bilediň bahasy 2 dollara deň. Bu barada Täjigistanyň Futbol Federasiýasynyň metbugat gullugy Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Soňky döwürde türkmenistanly futbolçylar halkara ýaryşlaryna aktiw gatnaşýarlar we käte gowy çykyş edýärler. Mysal üçin, olar Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň çagyryş kubogy ugrunda şu ýylyň mart aýynda geçirilen saýlap-seçiş oýunlarynda “B” toparynda çykyş edip, şol toparda ikinji orny eýelediler.
XS
SM
MD
LG