Sepleriň elýeterliligi

Mary – GDA-nyň medeni paýtagty


Mary we onuň töweregindäki regionlar taryhy Ýüpek ýolunda möhüm orny eýeländigi bilen tanalýar.

Mary we onuň töweregindäki regionlar taryhy Ýüpek ýolunda möhüm orny eýeländigi bilen tanalýar.

Türkmenistanyň Mary şäherine 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýen status resmi taýdan berildi.

Duşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Marynyň ýaşaýjylaryny bu çäre bilen gutlady we Mary şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan edýän resminamany Marynyň häkimiýetlerine gowşurdy.

Türkmenistanyň Mary we Gazagystanyň Astana şäherleri GDA-nyň ilkinji medeni paýtagtlary edilip geçen ýylyň dekabrynda ozalky Sowet döwletleriniň wekilleriniň ýygnagynda saýlanypdy.

GDA giňişliginde gadymy şäherler, ululy-kiçili taryhy ýadygärliklere, taryhy wakalara baý başga-da şäherler köp. Azatlyk Radiosy bu hormatly durumyň Mary şäheriniň paýyna düşmeginiň sebäpleri barada Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe ýüz tutdy.

Amanmyrat Bugaýew: Mary şäheri dünýä taryhyna giren şäher. Marynyň gadymy Gündogaryň medeni merkezi bolandygy, uly-uly imperiýalaryň paýtagty ýa ikinji paýtagty bolany belli. Onuň saýlanyp-seçilip alynmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, Orta Aziýa üçinem bir uly abraý.

SSSR döwründe-de Mary şäheriniň töwerek-daşyndaky ýadygärlikleri dikeltmek, olarda rejeleýiş, dikeldiş işleri geçirmek boýunça birnäçe zatlar edildi. Ýöne garaşsyzlyk ýyllarynda şuňa berilýän üns hasam güýçlendi. Onuň daşyndanam Maryda ýurduň daşyndan gelýän adamlara görkezmäge ýa-da myhman almaga laýyk gelýän, döwrebap birgiden binalar guruldy. Şäheriň durkam gowy täzelendi.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtly turistleriň Mara barmak, ol ýerleri görmek mümkinçiligi nähili häzir, olar üçin nähili şertler döredildi?

Amanmyrat Bugaýew: Häzir Maryda şoňa şertler oňat. Sebäbi Marynyň sowet döwründe-de turistleri kabul etmekde, syýahatçylar bilen işleşmekde belli bir tejribesi bar. Şonuň üçinem häzirki wagtda Mara gelip-gidýän turistler juda köp. Özem bir gowy tarapy, öňler ýaly gelýän turistleriň yzyna düşüp: “Sen bu ýerde maşyn saklama, bu ýerde surat almak bolanok” diýip duran adamlar ýok. Mundan iki-üç ýyl ozalam şu zatlar döwlet tarapyndan gadaganlyga düşürilen zatlardy.

Azatlyk Radiosy: Gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Mary şäherine 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýen durumyň berilmegi Mary şäheriniň ilatyna hem Marynyň töweregindäki taryhy, medeni, arheologik ýadygärlikleriň töwereginde ýaşaýan adamlara nähili täsir ýetirer?

Amanmyrat Bugaýew: Birinjiden-ä, şäher öňküsindenem has görke girer. Mary şäherine şeýle statusyň berilmegi ýerli ilatyň iş bilen üpjünçiligine-de, telekeçiligiň ösmegine-de oňyn täsir eder. Ýurtda işewürlik bilen meşgullanýanlaryň işleri has rowaçlanar diýip, men umyt edýärin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG